Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
ÝUNISEF Türkmenistanyň çagalar babatdaky syýasatyny goldaýar
Syýasy habarlar
ÝUNISEF Türkmenistanyň çagalar babatdaky syýasatyny goldaýar
Çap edildi 29.01.2020
744

Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda 2021 — 2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Ýurt boýunça maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça geňeşme duşuşygy geçirildi. Bu çärä BMG-niň ýurdumyzdaky Çagalar gaznasynyň ýolbaşçysy hanym Kristina Weýgand, Milli Parlamentiň, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem ýaşlar gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, ösüp gelýän nesliň bagtyýar ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek, çaganyň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýaş türkmenistanlylar, olaryň sazlaşykly ösüşi barada ählitaraplaýyn alada milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň esasy ýörelgeleridir. Duşuşygyň barşynda ýygnananlar düýpli ugurlar, şeýle hem hyzmatdaşlygyň täze Maksatnamasyna girizmek teklip edilýän goşmaçalar bilen tanyşdyryldy. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanýan bu resminama çagalaryň saglygy, olaryň iýmiti, sazlaşykly ösüşi, durmuş goraglylygy, ýokary hilli bilimi, şeýle hem bu ulgamda döwlet dolandyrylyşyny kämilleşdirmek ýaly ugurlarda gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Hyzmatdaşlygyň Ýurt boýunça maksatnamasy 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda, hususan-da, çagalar babatda Durnukly ösüşiň maksatlaryny durmuşa geçirmekde Gün tertibini amala aşyrmak boýunça milli tagallalara ÝUNISEF-niň goşandydyr. Ol şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasynda, Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynda beýan edilen netijeleri gazanmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. BMG-niň Türkmenistandaky Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdi hem-de çagalaryň bähbidine bilelikdäki işi dowam etdirmäge taýýardygyny beýan etdi. Türkmenistanda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, terbiýe we ýokary hilli bilim almagyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär, bu ugurda döwlet maksatnamalary we milli meýilnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyz bu ugurdaky esasy halkara hukuk resminamalaryna goşuldy. Hususan-da, ýurdumyz çaganyň hukuklary hakynda BMG-niň Konwensiýasyny tassyklady. Munuň özi raýat, ykdysady, medeni, durmuş we syýasy meseleleriň giň toparyny gurşap alýan ilkinji halkara resminamadyr. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işleriniň netijesinde Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň 2016 — 2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlygynyň hereket edýän maksatnamasynyň çäginde ýokary hilli we inklýuziw bilimi üpjün etmekde, howanyň üýtgemegi ulgamynda çagalaryň habarlylygyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikler gazanyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle hem Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Ýurt boýunça maksatnamasyny durmuşa geçirmekde teklip edilýän çemeleşmeler hakynda pikir alyşdylar.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
top-arrow