01.10
2019
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we kommunikasiýa toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekowyň üstüne ýüklenildi.
01.10
2019
1949-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda döwlet Başlygy Mao Szedun Hytaý Halk Respublikasynyň döredilendigini jar etdi, munuň özi Hytaýyň taryhynda täze wajyp tapgyry aňladypdy, gülläp ösýän we kuwwatly döwlet döretmek ýolunda möhüm ädim bolupdy. Hytaý garaşsyz, özbaşdak we parahatçylykly daşary syýasata eýerýär hem-de ählumumy syýasy we ykdysady gurluşa uly täsir edýär – diýlip, HHR-yň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sun Weýdunyň makalasynda aýdylýar.
01.10
2019
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşynda uly orny eýeleýän Ýaşulularyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
30.09
2019
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýa Respublikasynyň ozalky Prezidenti Žak Şiragyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi.
30.09
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň ýolbaşçysynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
28.09
2019
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Yhlasgeldi Jumageldiýewiç Amanow Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Dubaý şäheri) Baş konsuly wezipesine bellenildi.
28.09
2019
Kanadanyň halkynyň adyndan Size hem-de Türkmenistanyň halkyna ýurduň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy we gutlaglarymy ýollaýaryn.
27.09
2019
Türk halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi hem-de doganlyk türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
27.09
2019
Şu gün ýurdumyzda Garaşsyzlyk güni bellenilýär. Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny alandygy baradaky waka hökmünde häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda hemişelik galjak kaşaň binagärlik nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.
27.09
2019
Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu gün berkararlygyň, bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan beýik baýramdyr. Şoňa görä-de, biz taryhy sene bolan 27-nji sentýabra aýratyn sarpa goýup, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylda hem Garaşsyzlyk gününi Bitarap Diýarymyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrýan şanly wakalar, ajaýyp üstünlikler, dabaraly çäreler bilen ýokary ruhubelentlik derejesinde garşy alýarys.