24.02
2020
I. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen, 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusion kanuny bilen rejelenen görnüşde tassyklanan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý. № 3, 131-nji madda; 2017 ý., № 4, 130-njy madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:
21.02
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde welaýatyň baş metjidiniň açylyşyna gatnaşdy.
21.02
2020
«Türkmenistanda wezipeli adamlary we döwlet gullukçylaryny wezipä bellemegiň hem-de wezipeden boşatmagyň tertibini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 21-nji iýunynda çykaran 374-nji Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen:
20.02
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
20.02
2020
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maliýe serişdelerini çekmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, hususy telekeçiligiň ösmegine maliýe taýdan ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
20.02
2020
2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça Direktory Juliýa Waleze bilen duşuşygy geçirildi.
20.02
2020
Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 18-20-nji fewraly aralygynda Sankt-Peterburg şäherinde boldy.
19.02
2020
Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni, «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Bu halkara kompaniýalar toparynyň merkezi edara binasy Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde ýerleşýär.
19.02
2020
Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
18.02
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň birnäçe orunbasarlarynyň we käbir pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.