Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Somali Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Somali Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 17.02.2020
749

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jama Abdullahi Mohamedden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Jenap Jama Abdullahi Mohamedi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda — parahat söýüjilikli syýasaty hem-de oňyn başlangyçlary bilen ägirt uly halkara abraýyna eýe bolan döwletde Somaliniň doly ygtyýarly wekili wezipesinde işlemegiň özi üçin uly mertebedigini belledi. Söhbetdeşligiň dowamynda ilçä Türkmenistanyň durmuş ugurly içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy we ileri tutulýan ugurlary barada habar berildi, şunda dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem Somaliniň doly ygtyýarly wekili türkmen parlamentiniň düzümi we köptaraplaýyn işi bilen tanyşdyryldy. Diplomat ikitaraplaýyn söwda, işewürlik we medeni-ynsanperwer, şol sanda syýahatçylyk hem-de sport ulgamynda gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine öz wekilçilik edýän ýurdunyň uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Parlamentara derejede gatnaşyklaryň möhümdigi bellenildi.

***
Şu gün Somali Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi. Duşuşykda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
top-arrow