Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
DIM-de ýurdumyzyň BMG-nyň Ilat gaznasy we Halkara zähmet guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Syýasy habarlar
DIM-de ýurdumyzyň BMG-nyň Ilat gaznasy we Halkara zähmet guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Çap edildi 20.02.2020
810

2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça Direktory Juliýa Waleze bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň Ilat Gaznasynyň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygynyň üstünligini belläp geçdiler. Milli derejede işlenilip düzülen we amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň netijeliligi bellenilip geçildi, şeýle-de reproduktiw saglyk, maşgalanyň meýilleşdirilmegi we çaganyň ösüşi ulgamyndaky çäreleriň kämilleşdirilmegine gönükdirilen geljekki hereketler boýunça pikirler alyşyldy. Sebit we global derejesinde utgaşdyrylan amallaryň aýratyn ähmiýetini nygtamak bilen taraplar, Türkmenistanyň adam hukuklary ulgamyndaky işlerini, hususan-da durmuş taýdan goraglylyk bilen birlikde migrantlara we raýatlygy bolmadyk adamlara ýardam bermek boýunça hereketlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

* * *
2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Halkara zähmet guramasynyň Günbatar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça edarasynyň wekilhanasynyň baş hünärmeni Leo Sibbel bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we Halkara zähmet guramasynyň arasyndaky köp ýyllaryň dowamynda durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejeliligini nygtadylar. HZG-nyň esas goýujy konwensiýalarynyň ençemesiniň gatnaşyjysy bolmak bilen Türkmenistan gender deňliginiň, zähmet goragynyň kadalaryny berjaý etmek arkaly talabalaýyk zähmetiň üpjün edilmegi babatynda hemmetaraplaýyn hereket edýändir. Taraplar häzirki globalizasiýa we ykdysady integrasiýa döwründe sebit, şonuň ýaly-da dünýä derejesinde zähmet gatnaşyklarynyň kadalaşdyrylmagynyň meselesiniň has derwaýys häsiýete eýe bolup durýandygyny aýratyn belläp geçdiler.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
top-arrow