18.11
2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Tamim Bin Hamad Al-Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
18.11
2020
Şu gün daşary syýasat edarasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Şwesiýa Patyşalygynyň daşary işler ministri hanym Ann Linde bilen duşuşyk geçirildi. Işjeň görnüşde geçen gepleşikleriň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn meseleleriň giň toplumynyi ara alyp maslahatlaşdylar hem-de sebit we halkara gün tertibi boýunça pikir alyşdylar.
18.11
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.
17.11
2020
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hanym Maýa Sanduwa Moldowa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
17.11
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektoryna «Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen «Wolganyň döwlet suw ulaglary uniwersiteti» ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim edarasynyň şahamçasy — General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Deňiz we derýa ulaglarynyň Hazar institutynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky ähtnama» türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.
17.11
2020
Şu gün göni wideoaragatnaşyk arkaly «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» atly nobatdaky ministrler duşuşygy geçirildi.
16.11
2020
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Salman Bin Hamad Al Halifany Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine bellenmegi mynasybetli gutlady.
13.11
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýene bir möhüm desgasynyň — Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda 200 orunlyk täze Ýokanç keseller hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
12.11
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
11.11
2020
Nobatdaky iki günlük okuw maslahaty gämileriň we deňiz menzilleriniň desgalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky meselä bagyşlandy. Oňa «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.