Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem Türkmenistanda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hasabyna olaryň işini kämilleşdirmek hem-de maliýe serişdeleriniň maksada laýyk ulanylmagyna gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ol ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem harby özgertmeleri, şol sanda Milli goşunymyzyň goranyş kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça kesgitlenen çäreleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berildi.
Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyny talabalaýyk derejede guramak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk barada hem hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ata Watanymyzyň bitaraplyga, dostluga hem-de hoşniýetlilige esaslanýan syýasatyny nazara almak arkaly işlenip taýýarlanylan goranyş häsiýetli Harby doktrinasynda kesgitlenen wezipelere ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň, serkerdeleri taýýarlamak ulgamyny ösdürmegiň, şahsy düzümiň arasynda watançylyk-terbiýeçilik işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtap, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz ýaş esgerleriň harby işiň öňdebaryjy tejribesini özleşdirmeginiň wajypdygyny belläp, olaryň her biriniň söweşjeň tälimleri we iň täze tehnologiýalary, dürli ylymlary içgin öwrenmelidigini, ähli döwürlerde ýokary watançylygyň hem-de ata Watanymyzy, mähriban halkymyzy çäksiz söýmegiň nusgasyny görkezen ata-babalarymyzyň parasatly ýol-ýörelgelerini aýawly saklamalydygyny aýtdy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky ýazky çagyryş möwsümi bilen baglanyşykly meseleler barada durup geçip, ony talabalaýyk geçirmek meselesini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda hem görkezmeler berildi.
Soňra içeri işleri ministri M.Çakyýew ministrligiň edaralary tarapyndan 2021-nji ýylyň ilkinji üç aýynda ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, kanun bozulmalarynyň öňüni almak, ýol hereketiniň hem-de ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu düzümiň öňünde durýan wezipeleri netijeli çözmek maksady bilen, işiň döwrebap usullaryny ulanmagyň hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ýol hereketini kadalaşdyrmak hem-de ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri guramak Içeri işler ministrliginiň esasy wezipeleridir diýip, milli Liderimiz belledi we ministre öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň işleri kämilleşdirmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekip, bu babatda degişli görkezmeleri berdi.
Baş prokuror B.Atdaýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem kanunçylygyň pugta berjaý edilmegine gözegçilik etmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, amala aşyrylýan prokuror işiniň ähmiýetini nygtap, hereket edýän kanunçylyk-hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmegiň wajypdygyny belledi. Bu edaranyň işgärler düzümini pugtalandyrmak möhümdir. Şol işgärler özleriniň gös-göni wezipesinden başga-da, giň gözýetime eýe bolmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de degişli görkezmeleri berdi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz prokurory wezipä bellemek hakyndaky degişli resminama gol çekdi.
Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow ýylyň başyndan bäri geçirilen işler barada hasabat berdi. Kazylaryň III maslahatynyň netijeleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol maslahatyň barşynda Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine garaldy, bu ugurda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi hem-de kanunçylyk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu ulgamda amala aşyrylýan esasy meselelere ünsi çekip, halkymyzyň “Döwlet adam üçindir!” syýasatyna esaslanýan giň gerimli işler baradaky habarlylygyny doly derejede üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde kärhanalarda, guramalarda, bilim edaralarynda hem-de harby bölümlerde, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde degişli düşündiriş işleriniň geçirilmelidigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz şeýle hem kazylaryň nobatdaky maslahatynda kabul edilen çözgütleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew 2021-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýurdumyzda asudalygy, abadançylygy üpjün etmek boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ata Watanymyzyň okgunly ösdürilmeginde şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramakda bu düzümiň ähmiýetiniň uludygyny belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu düzümiň ýakyn geljek üçin möhüm wezipelerini kesgitläp, milli howpsuzlyk ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işler, eziz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak, bu düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, parahatçylygyň hem-de abadançylygyň bähbidine ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we doganlyk serhedi bolan Döwlet serhediniň eldegrilmesizligini üpjün etmäge gönükdirilendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow harby gullukçylaryň syýasy, söweşjeň, beden taýýarlygyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, bu düzümleriň wezipeleriniň birkemsiz ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Adalat ministri B.Muhamedow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk-hukuk namalaryny yzygiderli seljermegiň, olary mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, Türkmenistanyň täze belentliklere tarap üstünlikli ösüşini üpjün etmäge ýardam berýän kanunlary işläp taýýarlamagyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy talaplarynyň biridigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz halkara hukugyň kadalaryny öwrenmegiň wajypdygyny nygtap, ministre degişli tabşyryklary berdi.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz “Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamany tassyklamak baradaky” Karara gol çekdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýylyň başyndan bäri gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary öňdebaryjy tehniki serişdeler bilen üpjün etmek boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, üstaşyr-ulag geçelgeleriniň biri hökmünde Ýewraziýa yklymynda Türkmenistanyň möhüm geostrategik orny eýeleýändigini belläp, gullugyň üstüne ýüklenen wezipeleri çözmäge örän jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz bu ulgam üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekip, ýurdumyza getirilýän önümleriň has içgin gözden geçirilmelidigini nygtady hem-de bu barada anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gümrük düzüminiň daşary ykdysady işleri döwlet tarapyndan kadalaşdyrmagyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny aýdyp, bu edaranyň işiniň iň gowy halkara tejribä laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Şunda gümrük logistikasy, kabul edijileriň arasynda ýükleriň ýetirilmegini guramak we resminama taýdan üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy we sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hasabyna gümrük gullugynyň işini tehnologik taýdan kämilleşdirmegi wajyp meseleleriň hatarynda kesgitledi.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow şu ýylyň birinji çärýeginde ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, öňde durýan işleriň esasy ugurlaryna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu ulgama dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmagy hem-de ýokary hünärli ýaş hünärmenleri taýýarlamagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitläp, gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow ýylyň başyndan bäri kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine, döwlet emläginiň aýawly saklanylmagyna, netijeli ulanylmagyna we eýelik edilmegine geçirilen barlaglar boýunça hasabat berdi. Şeýle hem degişli meýilnama esasynda alnyp barylýan işler hem-de ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýyny seljermegiň netijeleri barada habar berildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, meýilnama esasynda döwlet derejesinde amala aşyrylýan çäreleriň halk hojalyk toplumynyň ösüşine hem-de durnuklylygyny saklamaga ýardam etmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümiň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz göz öňünde tutulan meýilnamalaýyn işleriň ählisiniň ýerine ýetirilişine hem-de eziz Diýarymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly baýramy mynasybetli ulanmaga beriljek desgalarda gurluşyk işleriniň hiliniň we möhletiniň berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň geçen üç aýynda döwlet Baştutanymyzyň öňe süren harby özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Şol özgertmeler bolsa Milli goşunymyzyň kuwwatyny hem-de goranyş ukybyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem hasabat döwründe harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümleriniň söweşjeň we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, düzgün-nyzamy berjaý etmek boýunça görlen anyk çäreler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan ýurdumyzyň harby-syýasy strategiýasynyň ata Watanymyzyň parahatçylyk ýörelgelerine berk ygrarlydygyny görkezýändigini aýtdy. Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan wajyp wezipeleri kesgitläp, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp, döwletimiziň alyp barýan, parahatçylyk söýüjilige pugta eýerýän ynsanperwer syýasatyna laýyklykda kabul edilen, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň esasynda harby we hukuk goraýjy edaralarymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkidýäris, biz harby gullukçylarymyz we olaryň maşgala agzalary barada hemişe alada edýäris, olaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, oňat dynç almaklary, yhlasly zähmet çekip, Watana halal gulluk edip, uly üstünlikleri gazanmaklary üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça uly işleri durmuşa geçirýäris diýip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigini nygtady.
Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşine gatnaşyjylara berk jan saglyk hem-de berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.