03.12
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luçano Gallini kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.
03.12
2020
Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary saklamak we pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Luçano Gallini Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.
03.12
2020
Şu gün wideomaslahat arkaly ÝHHG-ä agza ýurtlaryň Geňeşiniň ministrler derejesindäki nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Däp boýunça ýylyň ahyrynda geçirilýän iki günlük onlaýn duşuşyga Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna girýän döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.
02.12
2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bikanun dolanyşykdan alnan neşe we beýleki serişdeleri ýakyp, ýok etmek üçin niýetlenen täze toplumyň açylyş çäresine gatnaşdy, şeýle hem Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.
02.12
2020
Şu gün Mejlisiň wekilleri Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) parlament komitetiniň onlaýn duşuşygyna gatnaşdylar. Wideoduşuşygyň baş mowzugy emeli intellekti (EI) ösdürmegiň we ulanmagyň kanunçylyk binýatlaryny emele getirmek boldy.
02.12
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçirilýän halkara serginiň çäklerinde wajyp resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy boldy.
01.12
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek baradaky meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
01.12
2020
Şu gün paýtagtymyzda “Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir” atly halkara onlaýn maslahat geçirildi. Maslahaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça “Türkmengaz” hem-de “Türkmennebit” döwlet konsernleri guradylar.
01.12
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda:
01.12
2020
Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara sergi açyldy.