Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen wideoduşuşyk geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen wideoduşuşyk geçirdi
Çap edildi 28.04.2021
1791

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideomaslahat görnüşinde “ARETI” (Şweýsariýa) halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow, “King&Spalding” hukuk kompaniýasynyň baş direktory hem-de hyzmatdaşy Endrýu Hruska, “Rizvi Traverse Management LLC” kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş maýa goýum direktory Suhail Rizwi, “Legacy” maliýe kompaniýasynyň baş direktory, “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň prezidentiniň geňeşçisi Ýewgeniý Frenkel bilen duşuşyk geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändikleri üçin işewürlere minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyz iri halkara işewür düzümleri we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge uly üns berýär.

Sebitde strategik orny eýeleýän Türkmenistan tebigy serişdelere örän baýdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň ýurduň yzygiderli öňe hereket etmegini gazanmakdan, ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň hemmesini peýdalanmakdan, ähli ulgamlara iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmakdan ybaratdygyny nygtady. Netijede, zehinli, zähmetsöýer türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini we derejesini durnukly ýokarlandyrmagy gazanmak maksat edinilýär.

Şunuň bilen baglylykda, energetika pudagyny ösdürmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna maýa goýumlary çekmek üçin maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, saglygy goraýyş, bilim, ylym we işewürlik ulgamlarynyň derejesiniň hil taýdan ösüşini üpjün etmek maksady bilen, täze maglumat tehnologiýalaryna maýa goýmak ýaly strategik ugurlar rowaçlygy gazanmagyň möhüm ýagdaýlary bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu günki duşuşyk hem-de ara alnyp maslahatlaşmaga çykarylan meseleler amala aşyrýan strategiýanyň bölegidir. Milli Liderimiz Türkmenistanda taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmak üçin halkara maýadarlaryň konsorsiumynyň döredilmegi babatda gepleşikleriň başlanýandygyny goldap, işewürleriň ähli ugurlar boýunça tekliplerine garamaga taýýardygyny nygtady.

Soňra çykyş eden “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow duşuşygyň guralandygy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç sözlerini aýtdy. Milli Liderimiziň kakasy baradaky röwşen hakyda nurana ynsan, parasatly halypa, ömrüni Watana wepaly gulluk etmäge bagyşlan hakyky watançy hökmünde onuň ähli ildeşleriniň ýüreklerinde hemişelik galar diýip, I.Makarow nygtady we döwlet Baştutanymyza hem-de ýakynlaryna sabyr-kanagat, şu kyn döwürde ruhy durnuklylyk arzuw etdi.

Soňra “King&Spalding” hukuk kompaniýasynyň baş direktory we hyzmatdaşy Endrýu Hruska söz berildi. Ol, ilki bilen, öwezini dolup bolmajak agyr ýitgi — milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly, döwlet Baştutanymyza gynanç bildirdi.

Işewür özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän halkara işewür düzüminiň dünýäde jogapkärli we ygtybarly işewür hyzmatdaş hökmünde özüni tanadan Türkmenistan bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin saýlanyp alynmagynyň uly hormatdygyny belledi.

Endrýu Hruska sözüni dowam edip, şu duşuşyga gatnaşýan kompaniýalaryň depginli ösýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanmalaryny tassyklap, döwlet Baştutanymyzy öz kärdeşleri hem-de dürli pudaklarda ýöriteleşen holdingleriň alyp barýan işleri we dünýäniň ençeme ýurdunda iş alyp barmakda toplan uly tejribeleri bilen tanyşdyrdy.

Milli ykdysadyýetiň görkezijileriniň sazlaşykly ösmeginiň ýurdumyzyň ägirt uly serişde kuwwatynyň beýleki döwletler hem-de iri abraýly holdingler tarapyndan özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam edýändigine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe anyk teklipler beýan edildi.

Milli Liderimiz teklipleri üçin jenap Endrýu Hruska minnetdarlyk bildirip, şol teklipleriň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýändigini nygtady hem-de türkmen tarapynyň hödürlenen taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň meseleleriniň üstünde konsorsium bilen işe girişmäge taýýardygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz taslamanyň amala aşyrylmagyna ýardam bermek maksady bilen, baglanyşdyryjy halka we hyzmatdaş hökmünde “ARETI” kompaniýasyny teklip etdi. Bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk dürli taslamalarda 25 ýyldan gowrak wagt bäri amala aşyrylýar. Onuň energetika pudagyndaky tejribesi hem-de ýurdumyzda we daşary ýurtlardaky abraýy Türkmenistanyň taslamada döwletimiziň bildirýän berk talaplaryna we garaýyşlaryna laýyklykda wekilçilik etmegine ynam döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiz taslamany işläp düzmek we şertnamalaýyn resminamalary taýýarlamak üçin degişli ýolbaşçylara düzümine ugurdaş döwlet edaralarynyň wekilleri girjek iş toparyny döretmegiň tabşyryljakdygyny belläp, nobatdaky duşuşykda bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleriň kesgitleniljekdigini aýtdy.

Onlaýn duşuşygyň dowamynda “Rizvi Traverse Management LLC” kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş maýa goýum direktory Suhail Rizwi gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanç sözlerini beýan etdi.

Suhail Rizwi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy özüneçekiji maýa goýum ýagdaýyny döretmek üçin zerur bolan hukuk binýadyny ornaşdyrmagyň öňdebaryjy tejribesi boýunça ýurtlara hem-de halkara guramalara maslahat bermegiň köpýyllyk we üstünlikli tejribesine eýe bolan, özüniň wekilçilik edýän kompaniýasynyň işi bilen tanyşdyryp, Şweýsariýa tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän ählumumy maliýe institutlarynyň konsorsiumynyň Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalara maýa goýmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Kompaniýanyň ägirt uly uglewodorod gorlaryny özleşdirmek üçin täze düzümleri döretmek barada türkmen tarapynyň garaýyşlaryny tassyklaýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti nygtaldy. Munuň özi onuň durnukly ösüşiniň esasy şerti bolup hyzmat edýär.

Döwlet Baştutanymyz berlen maglumatlar üçin minnetdarlyk bildirip, ykdysadyýeti, maliýe we durmuş ulgamlaryny ösdürmekde peýdalanylyp bilinjek döwrebap tehnologiýalar babatdaky ýokary hilli innowasion taslamalara ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Döwletiň degişli edaralaryna hödürlenen maglumatlary öwrenmek, taslamanyň her bir meselesini bilelikde ara alyp maslahatlaşmak we geçirilen işler boýunça netijenamany taýýarlamak tabşyrylar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň ara alnyp maslahatlaşylan taslamalara degişli meýillerini şu günki wideomaslahatyň teswirnamasynda bellige almagy teklip edip, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläkki bilelikdäki hereketleriniň nobatdaky duşuşygyň çäklerinde garaljakdygyny belledi.

Soňra Igor Makarow öz çykyşynda ýolbaşçylyk edýän işewürlik düzüminiň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna pul serişdelerini geçirmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli maksatlary üçin “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biriniň ýaş nesilleriň abadançylygy baradaky alada bolup durýandygyny belledi.

Wideoduşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly aýdan tüýs ýürekden duýgudaşlyk we goldaw sözleri üçin kompaniýalaryň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz hem-de işewürler birek-birege päk niýetli arzuwlaryny aýdyp, ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
16.04
Halkymyzyň döredijilik kuwwaty — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
16.04
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 2-nji tapgyryň netijeleri
top-arrow