Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
09.09 2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Alena Grandy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

09.09 2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýuk Pýer Dewini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

09.09 2026

Serbiýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Size, şeýle hem Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýetirmäge şatdyryn.

09.09 2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

09.09 2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yna ýurduň milli baýramy — Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň döredilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

08.09 2026

Sizi Garaşsyzlyk güni mynasybetli zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

07.09 2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

07.09 2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa we ýurduň ähli halkyna Braziliýa Federatiw Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

06.09 2026

Serdar Berdimuhamedow

Beýik taryh — beýik geljege binýat,
Bu bir röwşen ykbalydyr türkmeniň.
Geçmişe buýsançdyr, şu güne şöhrat,
Bedew ruhy ahwalydyr türkmeniň.


Jümle-jahan gözelligi görkünde,
Alys-alys ýollar onuň erkinde,
At myratdyr, at ganatdyr türkmende,
Ol kämillik kemalydyr türkmeniň.

842 sahypa
Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi