Sport
09.12 2016
Aşgabat, 9-njy dekabr (TDH). Şü gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň Söweşjeň sungat toplumynda jiu-jitsu boýunça Aziýa çempionaty badalga aldy. Oňa 24 ýurtdan – Hytaýdan, Ýaponiýadan, Koreýa Respubliksynda, Birleşen Arap Emirliklerinden, Saud Arabystanyndan, Singapurdan, Nepaldan we beýlekilerden birnäçe ýüz türgen gatnaşýar. Ýaryşlaryň ilkinji gününde türkmenistanlylar jemi 16 medala, üç altyn, dört kümüş we dokuz bürünç medala mynasyp boldular. Bu bolsa ýurdumyzyň ýygyndy toparyna umumytoparlaýyn hasapda birinji orny üpjün etdi.
05.12 2016
Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk institutynyň mejlisler zalynda maslahat boldy. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça işlenip düzülen Olimpiýa we beýleki iri halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türgenleri, şeýle hem olaryň tälimçilerini höweslendirmek boýunça Karary ara alnyp maslahatlaşyldy.
04.12 2016
Geçen hepdäniň dynç günlerinde Belarusyň paýtagtynda taekwondonyň ITF görnüşi boýunça GDA-nyň açyk kubogy-Dünýä kubogy ugrunda ýaryş geçdi. Türkmen türgenleri bu ýaryşda 4 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal, jemi 9 medal gazanyp,ýokary netije görkezmegi başardylar.
04.12 2016
“Altyn asyr” we “Balkan” toparlarynyň futbolçylary 2017-nji ýylda geçiriljek AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda Türkmenistana wekilçilik ederler. Ýurdumyzyň Aragatnaşyk ministrliginiň topary Türkmenistanyň çempiony hem-de Kubogynyň eýesi hökmünde toparlaýyn bäsleşiklere, “Balkan” topary bolsa ýurdumyzyň çempionatynda ikinji orun alan topar hökmünde saýlama ýaryşlarynda bäsleşip başlarlar.
29.11 2016
Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde 1999-2001-nji ýyllarda doglan ýaşlaryň arasynda guşakly göreş boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Onda biziň türgenlerimiz nobatdaky uly üstünlige eýe bolup, 13 medal gazandylar. Olaryň üçüsi altyn, bäşisi kümüş we şonçasy-da bürünç medallardyr. Munuň özi milli toparymyza umumy hasapda ikinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi.
17.11 2016
Şu günler Russiýanyň Medyn şäherinde köptaraplaýyn söweş boýunça dünýä çempionaty dowam edýär, oňa Germaniýadan, Fransiýadan, Finlýandiýadan, Hytaýdan, Ysraýyldan, Eýrandan – jemi 35 ýurtdan türgenleriň 300-e golaýy gatnaşýar. Ýaryşlaryň birinji gününde diňe göreş emellerini peýdalanmak bilen bäsleşilýän görnüş boýunça tutluşyklar geçirildi, onda türkmenistanlylar üç bürünç medala mynasyp boldular.
16.11 2016
Paýtagtymyzyň Gyşky oýunlar sport toplumynda 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň hem-de 2005-2008-nji ýyllarda doglan çagalaryň arasynda hokkeý boýunça Aşgabadyň ilkinji açyk birinjiligine badalga berildi. Ýaryşa sekiz topar gatnaşýar. Olar birnäçe tapgyrdan ybarat aýlaw görnüşdäki ýaryşda ýarym ýylyň dowamynda baýraklar ugrunda göreşerler.
15.11 2016
Aşgabat, 15-nji noýabr (TDH). Şu gün Owganystan Yslam Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport boýunça baş müdiriýetiniň wekilleriniň Türkmenistana üç günlük sapary tamamlandy. Dostlukly ýurduň wekiliýetine bu müdiriýetiň ýolbaşçysy Mohammad Humaýun Haýrany baştutanlyk edýär. Owganystanyň wekiliýetiniň agzalary saparyň barşynda türkmen hünärmenleri bilen sport hereketini ösdürmek babatynda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Sport baradaky döwlet komitetiniň we beýleki guramalaryň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdiler.
14.11 2016
Bolgariýanyň paýtagty Sofiýa şäherinde sambo boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynyň jemleýji güni Türkmenistanyň ýygyndy toparyna ýene bir, bürünç medal getirdi. Söweş sambosy boýunça 52 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Nowruz Ataýew şeýle üstünlige mynasyp boldy.
13.11 2016
Rumyniýada hem-de Bolgariýada geçirilen karate we sambo boýunça dünýä çempionatlarynda çykyş eden ildeşlerimiz medallaryň altysyny gazandylar.
45 sahypa
Soňky habarlar
03.12
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.12
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
03.12
Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
03.12
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
03.12
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dykgatyna
02.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary