Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
Çap edildi 03.11.2026
23

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygy hanym Kristina Şwarz-Fuksy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistan bilen ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara Awstriýada möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Belleniň hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, Prezident Aleksandr Wan der Bellene iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistanyň Ýewropa sebitinde öňden gelýän möhüm hyzmatdaşlarynyň biridigini, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, dostluk we düşünişmek esasynda yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar oňyn häsiýete eýe bolup, ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk alyp barýarlar. Iki ýurduň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň köp babatda gabat gelmegi bolsa halkara derejede hereketleri utgaşdyrmak üçin esas bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz parlament diplomatiýasynyň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda netijeli gural bolup durýandygyny aýratyn belläp, şunuň bilen baglylykda, türkmen-awstriýa parlamentara hyzmatdaşlygynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini aýtdy. “Biz ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagy, kanunçykaryjylyk babatda tejribe alyşmagy maksadalaýyk hasaplaýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Awstriýanyň kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine aýratyn goşant goşandygyny belledi hem-de iki ýurduň arasynda ulag tehnikalaryny, saglygy goraýyş, himiýa we nebitgaz ulgamlarynda öňdebaryjy enjamlary satyn almakda hyzmatdaşlygyň üstünlikli giňeldilýändigini nygtady. Şeýle hem ikitaraplaýyn ykdysady mümkinçilikleri doly ulanmakda bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň toparyň döwlet edaralarynyň we hususy ulgamyň arasynda utgaşdyryjy hökmünde işjeň çykyş etmegini geljekde hem goldajakdygy nygtaldy. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem döwletara gatnaşyklary berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda we medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda möhüm orun eýeleýär.

Döwlet Baştutanymyz ýakynda Awstriýa Respublikasynyň Milli baýramynyň bellenilip geçilendigini aýtdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, bu şanly sene mynasybetli Kristina Şwarz-Fuksy we ýurduň ähli halkyny ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygy hanym Kristina Şwarz-Fuks birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, netijeli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
02.11
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
top-arrow