04.09
2019
Şu gün paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda «Koreý hepdeliginiň» açylyş dabarasy boldy, ol ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde guraldy.
04.09
2019
4-nji sentýabrda Türkmenistanda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine başlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.
04.09
2019
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Orazmyrat Gurbannazarowy başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň 2019-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda çykaran 10/2-nji karary tassyklanyldy.
04.09
2019
Orazmyrat Gurbannazarowy Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine bellemeli.
04.09
2019
Işanow Amandurdy Bekdurdyýewiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşatmaly.
03.09
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
03.09
2019
Şu gün Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini wagyz etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny» atly maslahat geçirildi, onuň çäklerinde arheologiýa tapyndylarynyň sergisi guraldy.
03.09
2019
Koreýa Respublikasynyň Çungju şäherinde dowam edýän Bütindünýä söweş sungatlarynyň ussatlygy halkara ýaryşynda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli derejeli medallaryň ýene-de 7-sini gazandy.
02.09
2019
Şu gün Türkmenistanda täze okuw ýylynyň başlanmagy giňden we dabaraly ýagdaýda baýram edildi. Tutuş ýurdumyz boýunça ýaňlanan mekdep jaňlary okuw ýylynyň başlanandygyny alamatlandyrdy. Düýn bolsa Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Köpetdagyň etegindäki Saglyk ýolunda köpçülikleýin dabaralar, agşamara paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde konsert hem-de tapawutlanan mugallymlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sylaglamak dabarasy boldy.
02.09
2019
Koreýa Respublikasynyň Çungju şäherinde 27-nji awgust — 7-nji sentýabr aralygynda başa-baş söweş sungatlary boýunça Bütindünýä oýunlary geçirilýär, bu ýaryşlara dünýäniň 100 ýurdundan 2 müňden gowrak türgen gatnaşýar.