09.09
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
09.09
2019
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda işlenip taýýarlanylan 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy maglumat tehnologiýasyny giňden peýdalanmagyň hasabyna halk hojalygynyň pudaklarynyň we ýurdumyzyň durmuş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
09.09
2019
Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
08.09
2019
Ministrler Kabinetiniň 6-njy sentýabrda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň, bähbitleriniň goragyna, ulgamlaýyn howpsuzlygyň wehimlerini aradan aýyrmaga, şeýle hem jemgyýetçilik tertibini üpjün etmäge, guramalaryň we raýatlaryň kanuny hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramaga gönükdirilen «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny goldady we oňa gol çekdi.
08.09
2019
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmeklige hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli amala aşyrýan we durmuş üpjünçiligini esasy ugur edinýän syýasatynda möhüm orun berilýär.
07.09
2019
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň şöhratly wakalaryna beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen barha ynamly öňe barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmak, Garaşsyz ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça has-da ösdürmek ugrunda iri möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
07.09
2019
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine hormatly atlary dakmak hakynda
07.09
2019
Koreýa Respublikasynyň Çungju şäherinde dünýäniň 100 ýurdundan türgenleriň 4 müňe golaýynyň gatnaşan söweş sungaty boýunça Bütindünýä oýunlarynda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary sambo we söweş sambosy boýunça bäsleşiklerde ýene dokuz medal gazandy.
07.09
2019
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy.
07.09
2019
Şu gün Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde bu ýerde amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk işleri — welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň döredilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýatyň etraplarynyň häkimleri, ýurdumyzyň ähli sebitlerinden ýaşulular, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, telekeçiler, welaýatyň köp sanly ilaty we talyp ýaşlar gatnaşdylar.