Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Watanymyzyň sebitlerinde binagärlik açylyşlary
Jemgyýet
Watanymyzyň sebitlerinde binagärlik açylyşlary
Çap edildi 18.08.2018
2109

Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda täze desgalar dabaraly ýagdaýda ulanmaga tabşyryldy. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan etraplary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi göz öňünde tutýan özgertmeleriň çäklerinde guruldy. “Türkmennebitönümleri” müdirliginiň nebit önümlerini saklamak we ýükläp ugratmak boýunça Daşoguz kärhanasynyň binalar toplumy edaranyň abatlaýyş-gurluşyk kärhanasy tarapyndan bina edildi. S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň çäklerinde ýerleşen täze gurluşygyň uly meýdany on gektara barabardyr. Bu ýerde her ýyl nebit önümleriniň 180 müň tonnasy hem-de çalgy ýaglarynyň 1,5 müň tonnasy ýangyç guýujy beketler üçin kabul ediler we ugradylar. Toplumyň düzümine onlarça desgalar girýär. Olaryň hatarynda nebit önümlerini saklamak üçin ätiýaçlyk çelekler, olaryň hilini seljerýän ýöriteleşdirilen barlaghana, iki gatly dolandyryş binasy bar. Nebit önümlerini bu ýerde gurlan demir ýollar boýunça getirmek göz öňünde tutulandyr. Şol gün welaýatyň dolandyryş merkezinde otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan köp gatly täze ýaşaýyş jaýlaryň ikisi ulanmaga tabşyryldy. Olaryň her biri üç we dört otaglydyr. Hususy kärhananyň hünärmenleri tarapyndan bina edilen täze jaýlar Daşoguz köçesiniň ugrunda döredilýän täze ýaşaýyş toplumynyň binagärlik gurluşyna sazlaşykly goşuldy. Dört otagly öýüň umumy meýdany 200 inedördül metrden gowrakdyr, üç otagly öýüň meýdany bolsa 170 inedördül metrdir. Olaryň her birinde ýaşamaga niýetlenen otaglardan başga-da, egin-eşik ýuwulýan we asylýan otag, aýnalanan giň eýwan we beýlekiler göz öňünde tutulypdyr. Öýler aşhana mebeli, sowadyjylar, zerur bolan durmuş tehnikalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Jaýlaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, olarda çagalaryň oýun meýdançasy gurlupdyr. Welaýat we şäher häkimlikleriniň, zähmetkeş toparlaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýaşulularyň hem-de ýaşlaryň gatnaşan dabaralarynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmenistanlylaryň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny nygtadylar. Bu ýere ýygnananlar “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar astynda durmuşymyzyň ähli ulgamlarynda üstünlikli amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Täze jaýlaryň öňündäki meýdançalarda döredijilik toparlary baýramçylyk konserti bilen çykyş etdiler. Has tapawutlanan gurluşykçylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow