Şu gün türkmen paýtagtynda ýokary derejedäki türkmen-gyrgyz gepleşikleri uly üstünlik bilen geçirildi. Aziýa sebiti boýunça goňşy döwletleriň netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan daşary syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir. Şol syýasat bolsa oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Baştutanlarynyň ýokary derejede geçiren gepleşikleri munuň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Gepleşikleriň barşynda taraplaryň däp bolan dostlukly gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga taýýardygy tassyklanyldy. Bu duşuşyga iki doganlyk ýurduň we halklaryň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine laýyk gelýän türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka hökmünde garalýar. Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Prezident Sooronbaý Žeenbekowy resmi adamlar garşyladylar. Uçardan uzalyp gidýän haly ýodajygynyň ugrunda belent mertebeli myhmanyň gelmeginiň hormatyna Hormat garawuly nyzama düzüldi. Däp bolşy ýaly, milli lybasly oglanjyk we gyzjagaz dostlukly ýurduň Liderine duz-çörek we gül dessesini hödürlediler. Howa menzilinden Gyrgyzystanyň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosiklçileriň toparynyň ugratmagynda Garaşsyzlyk meýdanyna tarap ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady. Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, ýörite niýetlenen ýere barýarlar. Bu ýerde Prezident Sooronbaý Žeenbekowy resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy. Hormat garawuly rotasynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Gyrgyz Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Sooronbaý Žeenbekow Döwlet baýdaklaryna tagzym edip, hormat garawulynyň esgerleriniň öňünden geçýärler. Milli Liderimiz gyrgyz kärdeşini ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary hem-de Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen tanyşdyrýar. Öz nobatynda, dostlukly döwletiň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Gyrgyz Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Dabaranyň ahyrynda Hormat garawulynyň esgerleri Garaşsyzlyk meýdanyndan dabaraly ýöriş bilen geçýärler. Soňra iki ýurduň Liderleri türkmen atçylarynyň hormatly kerweniniň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugraýarlar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň häzirki döwrüň şertlerinde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek boýunça milli däpleriň aýawly saklanylmagyna hem-de ösdürilmegine aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu ýerde Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, ikiçäk görnüşde ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mübärekläp, Prezident Sooronbaý Žeenbekowy Aşgabatda kabul edýändigine şatdygyny nygtady. Milli Liderimiz ýurdumyzyň esasyny gadymdan gelýän taryhy gatnaşyklary düzýän netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklap, Gyrgyzystanyň Baştutanynyň şu döwlet saparynyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryna täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Prezident Sooronbaý Žeenbekowy we onuň üsti bilen tutuş gyrgyz halkyny Gurban baýramy bilen gutlady. Gyrgyz Lideri hormatly Prezidentimize Türkmenistana döwlet sapary bilen gelip görmäge çakylygy hem-de mähirli garşylandygy üçin hoşallyk bildirip, ýurtlarymyzyň taryhy-medeni umumylygynyň ikitaraplaýyn hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Özara ynanyşmak we işjeňlik ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Baştutanlary döwletara gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, hyzmatdaşlygyň geljegini we häzirki ýagdaýyny nazara almak bilen, esasy ugurlary anyklaşdyrdylar. Söwda-ykdysady ulgam, energetika, ulag we beýleki birnäçe pudaklar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Iki ýurduň Liderleri Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň ornuny belläp, netijeli gatnaşyklary, şol sanda, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we işjeňleşdirmäge ýardam edýän işewür duşuşyklaryň geçirilmeginiň ähmiýetine aýratyn üns berdiler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Sooronbaý Žeenbekow ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň, ylym-bilim we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny aýtdylar. Sport ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Taraplar halkara giňişliginde mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassyklap, sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda “Soltan Sanjar” zalynda dowam etdirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gyrgyz kärdeşine we wekiliýetiň agzalaryna ýüzlenip, belent mertebeli myhmana Türkmenistana döwlet sapary bilen gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Bu sapar taryhy nukdaýnazardan hem-de ýurtlarymyz we halklarymyz üçin aýratyn ähmiýetlidir. Döwlet Baştutanymyz türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň umumy ýagdaýyna baha bermek bilen, olaryň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar babatda netijeli we oňyn häsiýete eýedigini belledi. Bilelikdäki işleriň ösdürilmegi, netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini günübirin çözmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň dünýä giňişliginde eýeleýän orny barada aýdyp, milli Liderimiz ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine daýanyp, “Açyk gapylar” syýasatyny amala aşyrýandygyny we tutuş dünýäde hem-de sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy saklamak ugrunda tagalla edýändigini belledi. Ýurtlaryň ikisi hem abraýly halkara düzümleriniň — Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agzalary bolmak bilen, garaýyşlarynyň ýakyndygy, şeýle hem häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça birmeňzeş garaýyşdan çykyş edýändiklerini belläp, döwlet Baştutanymyz Gyrgyzystanyň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldaýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Ýurdumyz ählumumy derejede energiýa howpsuzlygy, ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek we sebitleýin ösüşiň başga-da birnäçe möhüm meseleleri boýunça işjeň başlangyçlary öňe sürýär. Olar boýunça Birleşen Milletler Guramasy degişli Kararnamalary kabul etdi. Türkmenistan mundan beýläk-de döredijilik syýasatyny amala aşyrmagy dowam eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Sebitleýin gün tertibiniň meselelerine degip geçmek bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň Merkezi Aziýada bäştaraplaýyn görnüşdäki ysnyşykly we yzygiderli gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň wekilleriniň duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi baradaky başlangyç bellenildi. Birnäçe ýyl mundan ozal hut Türkmenistan resmi ýagdaýda Merkezi Aziýa sebitinde syýasy gepleşikleriň täze görnüşini döretmegiň maksadalaýykdygy baradaky meseläni öňe sürdi. Hususan-da, bilermenleriň duşuşyklaryny, Daşary işler ministrlikleriniň maslahatlaryny, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitlerini özüne birleşdirýän özara gatnaşyklaryň üç basgançakly nusgasy teklip edildi. Bu ýagdaý özüni iş ýüzünde gowy tarapdan görkezse, geljekde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Maslahat beriş geňeşini döretmek barada pikir etmek bolar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de bu ýörelgeleriň hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garamak we olary ara alyp maslahatlaşmak üçin oňyn meýdança öwrüljekdigine ynam bildirdi. Dünýä syýasatynyň meýillerini hasaba almak bilen, özara gatnaşyklary berkitmäge bolan şeýle çemeleşmeler zerur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de sebit gatnaşyklarynyň şeýle usulynyň ýüze çykýan ähli meseleleri netijeli hem-de maksadalaýyk çözmäge mümkinçilik berjekdigine, munuň üçin zerur syýasy binýady üpjün etjekdigine, ýerine ýetirijilik derejesinde işlemek üçin anyk ugurlary kemala getirjekdigine ynam bildirdi. Milli Liderimiz Owganystandaky ýagdaý barada aýtmak bilen, goňşy ýurtdaky ýagdaýy parahatçylykly, diplomatik serişdeleriň we abraýly halkara düzümlerini, ilkinji nobatda bolsa, BMG-ni çekmek arkaly kadalaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystana energetika, ulag, aragatnaşyk ýaly ugurlar boýunça ykdysady taýdan goldaw bermeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Türkmenistan goňşy ýurduň durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegine yzygiderli kömek-goldaw berýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, şol sanda iki demir ýol ulgamynyň çekilmegini, serhetýakasynda durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny mysal hökmünde getirdi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, şol bir wagtyň özünde bu ugur boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň çekilmegi iri taslamalar bolup durýar. Häzirki döwürde bu desgalar Owganystan we Pakistan üçin zerur bolup durýar. Şunlukda, bu taslamalara Hindistan tarapyndan hem sargydyň gelip gowşandygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz Gyrgyzystanyň degişli düzümlerini bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga çagyrdy. Munuň özi goňşy Owganystana berilýän netijeli kömekdir diýip, milli Liderimiz belledi. Çykyşynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň terrorçylyga, ekstremizme, neşeleriň bikanun dolanyşygyna, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek meselelerinde raýdaşdyklaryny belledi. Bu ugurdaky çemeleşmeleriň umumylygyny kanagatlanma bilen belläp, döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň wehimlerine garşy göreşmek işinde mundan beýläk-de iki ýurduň ygrarlydygyny tassyklady. Milli Liderimiz suw-energetika meselesi boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň ylalaşykly çemeleşmelerini gazanmak babatda sebit hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleri barada durup geçdi we Türkmenistanyň bu ugurda garaýşynyň üýtgewsiz bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň bu meselä garamagyň umumy ykrar edilen halkara hukugynyň kadalaryna daýanylmagyny, şolaryň sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerine özara hormat goýmak hem-de nazara almak ýörelgelerinde çözülmelidigini, olaryň ara alyp maslahatlaşylmagyna abraýly we ygtyýarly halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çekilmelidigini dogry hasaplaýandygy nygtaldy. Sebitde suw-energetika meselelerini çözmek, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda biziň hemmämiz üçin bu möhüm serişdeleri ulanmak doganlyk halklarymyzy hem-de döwletlerimizi birleşdirýän möhüm şert bolmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Aral deňzini halas etmek sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň hatarynda görkezildi. Türkmenistan 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmegi kabul etmek bilen, bu wezipäni ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşýär. Döwlet Baştutanymyz Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna gatnaşyjylaryň we ony esaslandyryjylaryň bilermenleriniň goldaw bermeginde taýýarlanan we Aralyň anyk meseleleriniň çözgüdine, Aralýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň bu işe çekilmegine gönükdirilen iki konsepsiýanyň düzgünleriniň üstünde durup geçdi. Munuň özi biziň üçin aýratyn möhüm bolup durýar. Çünki biz bu abraýly düzümleriň agzalary bolup durýarys diýip, milli Liderimiz belledi hem-de degişli hünärmenlere, has takygy, daşary işler ministrlerine bu resminamalary ara alyp maslahatlaşmagy hem-de oňa jemleýji netijenamalary bermegi tabşyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Bu konsepsiýalaryň amala aşyrylmagy biziň halklarymyzyň uzakmöhletleýin geljeginiň bähbidine işlemek üçin çelgi bolup hyzmat eder diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we 24-nji awgustda Türkmenbaşy şäherinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna uly umyt bildirilýändigini aýtdy. Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de hil taýdan baýlaşdyrmak esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamdaky gatnaşyklar boýunça anyk sanlaryň aýdylandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň häzirki wagtdaky derejesiniň ýurtlarymyzyň uly mümkinçiliklerine laýyk gelmeýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny we usullaryny işjeň gözlemegiň wajypdygyny nygtap, Söwda-ykdysady, ylym-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparyny döretmek hakyndaky başlangyjy goldandygy üçin doganlyk ýurduň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirdi. Toparyň nobatdaky mejlisi golaýda Aşgabatda geçirildi. Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyny giňeltmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmegiň wajypdygyny belläp, milli Liderimiz Prezident Sooronbaý Žeenbekowa logistika ulgamyny dürs guramak baradaky türkmen tarapynyň başlangyjyny goldandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Baştutanlarynyň iki ýurduň telekeçileri tarapyndan Bişkekde söwda merkezini gurmak hakyndaky başlangyjyny durmuşa geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy haryt dolanyşygynyň diňe bir mukdarynyň däl, eýsem, onuň görnüşleriniň artmagyna mümkinçilik berer. Özara gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, milli Liderimiz bu işe iki ýurduň hususy kompaniýalaryny we kärhanalaryny, telekeçilik düzümlerini çekmegi teklip etdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle başlangyçlary hemişe goldamaga, olaryň bilelikdäki işi üçin zerur bolan tagallalary etmäge taýýardygyny nygtady. Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasynda energetika we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurtlarymyzyň iri halkara energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin geografiki taýdan amatly ýerleşmegi bilen birlikde, ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, geljekde hem bu ugurda bilelikde hyzmatdaşlyk etmek teklip edildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň gyrgyz tarapynyň energetika babatdaky başlangyçlaryna goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi. Olaryň durmuşa geçirilmegi döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar. Biziň ýurtlarymyz Ýewraziýa yklymynyň möhüm ugurlarynyň çatrygynda ýerleşip, Gündogar — Günbatar ugurlar boýunça ulag geçelgelerini döretmek babatdaky başlangyjy öz üstlerine alyp bilerler. Göni ulag üstaşyr geçelgesiniň döredilmegi bilen Ýewropanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň bazarlaryna çykmaga giň mümkinçilikler açylýar. Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurtlarymyzyň sebit boýunça goňşy bolup durýandyklaryny belledi. Döwletara gatnaşyklarynyň gadymy dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýandygyny aýtdy. Soňky döwürde döredijilik işgärleriniň, medeniýet işgärleriniň netijeli gatnaşyklary, bilim, ylym ulgamynda gatnaşyklar ýola goýuldy. Sport ulgamynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklara kanagatlanma bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda türkmen wekilleriniň Gyrgyzystanda geçiriljek Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryna gatnaşmagy baradaky resminama gol çekilendigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz doganlyk ýurduň ýygyndy toparynyň geçen ýyl Aşgabatda bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edendigini belledi. Biz mundan beýläk-de bu ugurdaky gatnaşyklary dowam ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we onuň döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyna ünsi çekdi. Munuň özi agzybirlik, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk bolmak bilen, bu ýörelgeler geljekki nesiller üçin dowam eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu gezekki gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, olary mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmäge bolan gyzyklanmalara iki ýurduň üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda Prezident Sooronbaý Žeenbekowa we onuň üsti bilen doganlyk gyrgyz halkyna gülläp ösüş, bagt baradaky iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Soňra Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär. Türkmenistana döwlet sapary bilen gelip görmäge iberen çakylygy, myhmansöýer türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene bir gezek hoşallyk bildirip, belent mertebeli myhman Gyrgyzystanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara ägirt uly ähmiýet berýändigini we özara peýdaly hyzmatdaşlygy artdyrmaga hem-de pugtalandyrmaga meýillidigini nygtady. Biziň halklarymyzyň umumy gymmatlyklarynyň, taryhy, medeni-ruhy kökleriniň bardygyny belläp, Prezident Sooronbaý Žeenbekow döwlet Baştutanymyzyň iki doganlyk ýurduň arasyndaky ýygjam we netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek barada aýdanlaryny goldaýandygyny belledi. Gyrgyzystanyň wekilçilikli toparynyň bu duşuşyga gatnaşmagy Türkmenistan bilen özara hyzmatdaşlyga biziň döwletimiziň taýýardygyny äşgär edýär diýip, myhman nygtady. Ikiçäk görnüşde we birek-birege ynanyşmak hem-de netijeli ýagdaýda geçen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, Sooronbaý Žeenbekow milli Liderimize ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleriniň çözgüdine bolan işewür çemeleşmeleri üçin hoşallyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň sazlaşykly ösüşinde eýeleýän ornuny belläp, myhman ýurduň içeri we daşary syýasatda ägirt uly üstünlikleri gazanýandygyny aýtdy. Aşgabadyň häzirki ösüşi barada aýdyp, belent mertebeli myhman türkmen paýtagtynyň düýpli özgerip, dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülendigini nygtady. Munda esasy orun Türkmenistanyň Prezidentine degişlidir diýip, gyrgyz Lideri sözüni dowam etdi. Geçirilen gepleşikleriň ähmiýeti barada aýdyp, Gyrgyzystanyň Prezidenti bu duşuşygyň netijeleriniň strategik ähmiýeti bolan döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şu gün gol çekilen resminamalar toplumy munuň aýdyň subutnamasydyr. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, gyrgyz Lideri geçen aýda Aşgabatda geçirilen nobatdaky mejlisde gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine we onuň türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge oňyn täsir etjekdigine ynam bildirdi. Dostlukly ýurduň Baştutany ýangyç-energetika toplumyny, ulag-üstaşyr ulgamy, azyk we gaýtadan işleýän senagaty, oba hojalygyny, dokma senagatyny özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary hökmünde görkezdi. Şeýle hem, gyrgyz tarapynyň Türkmenistandan mineral dökünleri we energiýa serişdelerini almaga uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigine aýratyn üns berildi. Şunlukda, Bişkek bilen Aşgabadyň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakyndaky ylalaşygyň ähmiýeti nygtaldy. Häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmakda tagallalary utgaşdyrmagyň wajypdygyny aýdyp, Prezident Sooronbaý Žeenbekow Gyrgyzystanyň dünýä bileleşiginiň Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmaga we ony tiz düzetmäge bolan tagallalaryna goldaw bermäge ygrarlydygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman Türkmenistanyň goňşy döwletiň parahatçylykly ösüşine goldaw bermek meselelerine çemeleşmelerini goldamaga taýýardygyny nygtady. Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň ähmiýeti barada aýdyp, Gyrgyzystanyň Baştutany onuň işiniň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Türkmenistanyň şu ýyl iri halkara sport ýaryşlaryny — “Amul — Hazar 2018” awtorallisini we agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirýändigini nygtap, belent mertebeli myhman bu çäreleriň ýokary derejede guraljakdygyna ynam bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, Prezident Sooronbaý Žeenbekow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we türkmen wekiliýetini Gyrgyzystanda sentýabr aýynda geçiriljek Çarwadarlaryň üçünji bütindünýä oýunlaryna, şeýle hem türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy. Dostlukly döwletiň Baştutany sözüniň ahyrynda bu gezekki gepleşikleriň gün tertibine girizilen meseleleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça şu gün degişli çäreleriň kesgitlenjekdigine we ýakyn wagtda anyk netijeleriň gazanyljakdygyna ynam bildirdi. Prezident Sooronbaý Žeenbekow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi sapar bilen Gyrgyz Respublikasyna gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar. Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň “Seljuk han” zalynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda Aşgabat we Bişkek şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen Bişkek şäheriniň merliginiň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Gyrgyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, maglumat we syýahatçylyk ministrliginiň arasynda film öndürmek we teleradiogepleşikler babatda bilelikde hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Döwlet bellige alyş gullugynyň ýanyndaky Arhiw agentliginiň arasynda 2018 — 2020-nji ýyllarda arhiw işi boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama; 2015-nji ýylyň 5-nji awgustynda Bişkek şäherinde gol çekilen “Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Oba hojalyk, azyk senagaty we meliorasiýa ministrliginiň arasynda oba hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň” çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyna; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ýörelgeleri boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2019 — 2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga; Girdeji üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we salgytlary tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi. Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Sooronbaý Žeenbekow Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk, dostlugy we ynanyşmagy pugtalandyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler. Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanansoň, iki ýurduň Liderleri “Magtymguly” zalynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiz ýokary derejede geçirilen duşuşygyň netijeleri barada aýdyp, ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belledi. Milli Liderimiz döwlet sapary bilen Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin dostlukly ýurduň Liderine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň şu gezekki saparyna iki ýurduň we halklarynyň durmuşynda möhüm waka hökmünde garalýandygyny nygtady. Prezident Sooronbaý Žeenbekow bilen duşuşyk, şeýle hem wekiliýetleriň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümdäki gepleşikler dostlukly we netijeli ýagdaýda geçdi, işjeň hem-de özara ynanyşmak häsiýetine eýe boldy diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen belledi hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýynyň içgin ara alnyp maslahatlaşylandygyny, sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alşylandygyny aýtdy. Gyrgyzystanyň Prezidenti tarapyndan deglip geçilen ähli meselelere doly düşünmek bilen garalýandygy hem-de olaryň goldanylýandygy, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirilýändigi, ýurdumyzyň Bitarap daşary syýasat ugruna hormat goýulýandygy beýan edildi diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Baştutanynyň garaýyşlaryna ýokary baha berip, Türkmenistan Gyrgyzystan bilen dost-doganlyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegi ugur edinýär diýip tassyklady. Milli Liderimiz iki döwletiň halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny belläp, olaryň ählumumy we sebit durnuklylygyň, parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýändiklerini, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň esasynda halkara hukuk kadalaryna hormat goýulmagyna ygrarlydyklaryny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu guramanyň, şeýle hem Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň gatnaşýan beýleki halkara düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek barada ylalaşyk gazanylandygy nygtaldy. Biziň ýurtlarymyz öz netijeliligini görkezen hem-de iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän BMG-da özara goldaw bermek tejribesini dowam ederler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şeýle hem Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň halkara terrorçylygyna, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylygyň ähli görnüşlerine garşy barlyşyksyz göreşe ygrarlydyklary bellenildi. Döwlet Baştutanymyz Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylykly, syýasy ýollar bilen kadalaşdyrmagyň mümkindigini belläp, taraplaryň bu döwleti ykdysady taýdan gaýtadan dikeltmek işinde halkara bileleşiginde hemmetaraplaýyn goldaw bermek barada ylalaşandyklaryny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Gyrgyzystan Owganystanda iri sebit we halkara ähmiýetli taslamalaryň, hususan-da, energetika, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ýaly ulgamlarda taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmagynyň tarapdary bolup çykyş edýärler. Gepleşikleriň barşynda sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de Merkezi Aziýada suw-energetika meselelerini çözmekde hyzmatdaşlyga möhüm meseleleriň biri hökmünde garalandygyny belledi. Bu mesele babatynda deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de hyzmatdaşlygyň bähbitlerini hasaba almak, anyk ylalaşyklary tizden-tiz gazanmak esasynda sebit ylalaşygyna ýetilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermek barada bir pikire gelindi. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatynda taraplar iki tarapda hem bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanmagyň, senagatda, oba hojalygynda, gaýtadan işleýän ulgamda, gurluşykda, başga ugurlaryň birnäçesi boýunça täze goşulyşmak gatnaşyklaryna çykmagyň zerurdygyny bellediler. Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasy energetika we ulag ulgamynda iri möçberli halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge taýýardyrlar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi, biziň döwletimiz Gündogar — Günbatar ugry boýunça Ýewropa ýurtlarynyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň bazarlaryna çykmak bilen ulag geçelgeleriniň döredilmegine işjeň ýardam berer. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem medeni-ynsanperwer, bilim, ylym we sport ugurlarynda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek we goldamak barada ylalaşyk gazanylandygyny belledi. Milli Liderimiz geçirilen gepleşikleriň netijelerine, şolaryň jemleri boýunça ýurtlarymyzyň arasynda uzakmöhletleýin gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekilendigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi, geçirilen oňyn we netijeli gepleşikler üçin Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine ýene bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi. Sözüniň ahyrynda milli Liderimiz Gyrgyzystanyň doganlyk halkyna parahatçylyk, abadançylyk we ösüş arzuw etdi. Gyrgyz Lideri öz nobatynda ýokary derejedäki duşuşygyň jemlerini beýan edip, dostlukly ýurduň Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna mähirli kabul edilendikleri we myhmansöýerlik, şeýle hem bilelikde işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Gyrgyz Respublikasynyň Baştutany hökmünde Türkmenistana ilkinji saparymyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi diýip, Prezident Sooronbaý Žeenbekow sözüni dowam etdi. Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk, dostlugy we ynanyşmagy pugtalandyrmak hakynda şu gün gol çekilen Jarnama döwletara gatnaşyklarynda möhüm waka bolup durýar hem-de ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynyň taryhynda täze sahypany açar diýip, belent mertebeli myhman nygtady. Taraplar türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha berdiler, özara gyzyklanma bildirýän sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Gyrgyzystanyň Baştutany çykyşynyň dowamynda iki ýurduň arasynda däp bolan özara düşünişmek hem-de açyklyk ýagdaýynda geçen gepleşikleriň oňyn we netijeli häsiýetini belledi. Şu günki duşuşyk biziň gyrgyz-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de olary ähli ugurlarda ösdürmäge umumy gyzyklanmany tassyklady diýip, Prezident Sooronbaý Žeenbekow syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has ýokary derejä çykarmaga meýilleri tassyklady. Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyga hem-de özara haryt dolanyşygynyň artdyrylmagynyň zerurdygyna aýratyn üns berildi. Şunda Hökümetara toparyna uly orun degişlidir diýip, belent mertebeli myhman şu ýyl ilkinji gezek geçirilen bilelikdäki söwda-maýa goýum maslahatynyň ähmiýetini nygtady. Ulag ulgamy, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, oba hojalyk we senagat önümlerini özara alyşmak, şeýle hem iki ýurduň sebitleriniň derejesinde hyzmatdaşlyk türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi. Medeni, ynsanperwer, bilim we sport ugurlary boýunça iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ylalaşygyň gazanylandygy hem bellenildi. Gyrgyzystanyň Baştutany ýokary derejedäki gepleşikleriň jemlerine ýokary baha berdi, ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumy onuň netijeleridir. Prezident Sooronbaý Žeenbekow biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy taryhyň we medeniýetiň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň jebisleşdirýändigini belläp, Türkmenistanyň Gyrgyzystanyň möhüm hem-de ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtady. 2017-nji ýylda biziň ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 25 ýyl boldy. Döwletara gepleşikleri özara hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda okgunly ösdürilýär diýip, belent mertebeli myhman kanagatlanma bilen belledi. Gyrgyz Lideri ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda, Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy hyzmatyny we uly goşandyny aýratyn belledi. Pursatdan peýdalanyp, Prezident Sooronbaý Žeenbekow türkmen Liderini Gyrgyz Respublikasyna resmi sapar bilen gelip görmäge çagyrdy. Sözüniň ahyrynda dostlukly döwletiň Baştutany Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk we ösüş arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi günortanlyk naharyny berdi, onda iki döwletiň Liderleri söz sözlediler. Günüň ikinji ýarymynda Gyrgyz Respublikasynyň Baştutany Gypjak obasyna bardy we Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligini hatyralap, onuň kümmetine gül goýdy, ýurdumyzyň baş metjidine baryp gördi. Şeýle hem belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdy. Asylly däbe görä, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bu ýerdäki Hormatly myhmanlaryň seýilgähinde iki döwletiň we halklaryň arasyndaky dostlugyň nyşany hökmünde ýaş agaç nahalyny oturtdy. Soňra dostlukly ýurduň Lideri paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baryp gördi, bu ýerde 2017-nji ýylyň sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary uly üstünlik bilen geçirildi. Belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan bu köpugurly şäherçäniň düzümi bilen tanşyp, onuň gerimine, oýlanyşykly ýerleşdirilişine, özboluşly binagärlik aýratynlyklaryna, işleýiş häsiýetnamalaryna hem-de desgalaryň ýokary tehnologiýaly enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha berdi. Döwlet saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, gyrgyz Lideri Aşgabadyň dokma toplumyna bardy we onuň işi bilen tanyşdy. Milli ykdysadyýetimiziň eksporta ugrukdyrylan pudaklarynyň öňdebaryjylarynyň biriniň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde arassa pagtadan we ýüpekden taýýarlanylýan türkmen dokma önümçiliginiň möçberi yzygiderli artýar, taýýar önümleriň täze görnüşleri özleşdirilýär. Aşgabat dokma toplumynyň öndürýän önümleri munuň aýdyň subutnamasydyr, olar ýokary hilli, görnüşleriniň köp hem-de nyrhlarynyň elýeterli bolmagy netijesinde içerki bazarda hem, daşarky bazarda hem uly islege eýedir. Bu ýerde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine dokma kärhanalarynda taýýarlanylýan taýýar jinsi, tüýjümek, örme we beýleki matalaryň görnüşlerinden, lukmançylyk pamygy, nah ýüplük, matalaryň dürli nusgalary — panbarhat we keteni önümlerinden guralan sergi görkezildi. Dostlukly ýurduň Baştutany Aşgabat dokma toplumynyň işi hem-de Türkmenistanda çykarylýan harytlardan düzülen sergi barada pikirini beýan edip, bu ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Toplum bilen tanyşlyk tamamlanandan soň, Prezident Sooronbaý Žeenbekowyň awtoulag kerweni paýtagtymyzyň Halkara howa menziline bardy, belent mertebeli myhman bu ýerden Türkmenbaşy şäherine ugrady. Gyrgyz Lideriniň Türkmenistana döwlet sapary dowam edýär. Ertir Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşar.