24.10
2019
KHDR-iň paýtagty Phenýanda ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty geçilýär. Ol dünýäniň 16 ýurdundan türgenleri ýygnap, olaryň hatarynda pälwanlaryň sekizisi Türkmenistana wekilçilik edýärler, olar milli ýygyndy toparyň sylaglarynyň üstüni bürünç medallaryň dördüsi bilen ýetirdiler.
24.10
2019
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 21 — 23-nji oktýabrda Ýaponiýa bolan iş sapary iki ýurduň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hem-de ösdürmegiň ýolunda netijeli ädim boldy, muňa saparyň baý mazmunly, öz içine möhüm duşuşyklary alýan maksatnamasy hem aýdyň şaýatlyk edýär.
24.10
2019
Şu gün Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň, käbir ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
22.10
2019
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň şu güni dürli möhüm wakalara baý boldy.
22.10
2019
Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» atly XXIV halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Olaryň esasy wezipesi dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň üstünlikleri bilen tanyşdyrmakdan, ýetilen sepgitlere baha bermekden, innowasion tehnologiýalary we taslamalary tanyşdyrmakdan, tejribe alyşmakdan hem-de halkara hyzmatdaşlygy öňe ilerletmekden ybaratdyr.
22.10
2019
Sizi «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» atly XXIV halkara serginiň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak we özara tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýän halkara serginiň we maslahatyň işine üstünlikleri arzuw edýärin!
21.10
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Samir Welajiçden ynanç hatyny kabul etdi.
21.10
2019
Birnäçe sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Tokio şäheriniň Haneda Halkara howa menzilinde gondy. Milli Liderimize gül desseleri gowşurylýar.
21.10
2019
21-nji oktýabrda Tokioda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparyna gabatlanylan Türkmen-ýapon işewürler forumy geçirildi.
20.10
2019
18-19-njy oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Guwansi-Çžuan awtonom etrabynyň ykdysady-dolandyryş we medeni merkezi bolan Nannin şäherinde Hytaý — Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň VII forumy geçdi.