05.11 2019
Sizi «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Dünýäniň dürli ýurtlaryndan bu halkara kitap baýramçylygynyň işine gatnaşmak üçin eziz Diýarymyza gelen myhmanlara, halkara sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahata ähli gatnaşyjylara üstünlik arzuw edýärin.
04.11 2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlaryny we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, şanly senelere taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
04.11 2019
Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýunyň öňüsyrasynda sahawatly türkmen topragyndan welaýat boýunça «ak altynyň» 207 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyryp, bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli berjaý edendigiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan asylly işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.
04.11 2019
Ahal welaýatynyň ekerançylary uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olar «ak altynyň» 207 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyryp, pagta taýýarlamak baradaky döwlet tabşyrygyny ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler.
03.11 2019
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.
01.11 2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
01.11 2019
«Kärende hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda döwlet emlägini kärendesine bermegiň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, döwlet emläginiň kärendesine berilmeginiň Tertibi tassyklanyldy.
01.11 2019
Şu gün Aşgabatda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Oňa iki dostlukly döwletiň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.
01.11 2019
Şu gün paýtagtymyzda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 26 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, ykdysady topluma girýän ministrlikleriň hem-de edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplary, ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyplary gatnaşdylar.
01.11 2019
Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň maslahatlar zalynda ýurdumyzyň Merkezi döwlet arhiwiniň döredilmeginiň 90 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Arhiwiň işi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli alyp barýan syýasaty babatda amala aşyrylýar.
1489 sahypa
Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi