27.10
2019
1. Onuň Alyhezreti, hormatly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Onuň Alyhezreti, hormatly Malaýziýanyň Premýer-ministri Tun doktor Mahathir Mohamad 2019-njy ýylyň 26 — 28-nji oktýabrynda Türkmenistana resmi sapary amala aşyrdy.
26.10
2019
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Meredow Myratgeldi Resulowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
26.10
2019
Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamad resmi sapar bilen türkmen paýtagtyna geldi. 27-nji oktýabrda Aşgabatda ýokary derejede türkmen-malaýziýa gepleşikleri geçiriler, onuň netijeleri boýunça döwletara gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi bermäge we iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän özara hereketiň mümkinçiliklerini oňaýly durmuşa geçirmäge ýardam etmäge niýetlenen resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär.
26.10
2019
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 55-si hasaba alyndy.
26.10
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine birnäçe resminamalaryň taslamalary, şeýle hem döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri girizildi.
25.10
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Baku şäherinde geçirilýän Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň XVIII Sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
25.10
2019
Ilki bilen, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti, hormatly Ilham Geýdarowiç Aliýewe şu forumyň ýokary derejede guralandygy, görkezilen myhmansöýerlik we mähirli garşylandyklary, ysnyşykly hyzmatdaşlyk we netijeli gatnaşyklar ýagdaýynyň döredilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!
25.10
2019
Şu gün Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň onýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti boldy.
25.10
2019
Şu gün Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Päkize obasynda durky täzelenen täze iki gatly Saglyk öýüniň açylyş dabarasy boldy.
24.10
2019
Şu gün türkmen paýtagtynda IV Wena baly geçirildi. Bu köp öwüşginli çäre ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, iki şäheriň — Aşgabadyň we Wenanyň arasyndaky dostluk köprüsine öwrüldi.