13.04
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
13.04
2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky (Şweýsariýa Konfederasiýasy, Ženewa şäheri) Türkmenistanyň Hemişelik wekili Atageldi Baýjanowiç Haljanow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Naýrobidäki (Keniýa Respublikasy) edarasynyň (UNON), Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasynyň (UNEP), Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasynyň (UN-HABITAT) ýanyndaky (oturýan ýeri Ženewa şäheri) Hemişelik wekili wezipesine bellenildi.
11.04
2020
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.
10.04
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soňra, häzirki döwürde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşine başlyklyk edýän Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň haýyşy boýunça bu Geňeşiň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyna gatnaşdy.
10.04
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.
10.04
2020
Şu gün Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan ilkinji halkara ylmy-amaly onlaýn maslahaty geçirildi. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen çärä ýurdumyzyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Bolgariýanyň, Rumyniýanyň we Wýetnamyň görnükli ylmy işgärleri, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi gatnaşdy.
10.04
2020
Şu gün wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň 78-nji mejlisi geçirildi. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.
09.04
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýlary bilen tanyşdy.
09.04
2020
Şu gün Mejlisde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen baglanyşykly teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy bilen döredilen iş toparynyň nobatdaky maslahaty geçirildi.
08.04
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowyň hem-de bilim ministri M.Geldinyýazowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.