Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Sebitde suwdan netijeli peýdalanmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Syýasy habarlar
Sebitde suwdan netijeli peýdalanmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Çap edildi 10.04.2020
947

Şu gün wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň 78-nji mejlisi geçirildi. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar. Garalan meseleleriň hatarynda 2018-nji ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannama laýyklykda, Aral deňzi sebitinde ekologiýa, suw hojalyk we durmuş-ykdysady ýagdaýlary ösdürmäge gönükdirilen möhüm meseleler boýunça öňe sürlen teklipleriň we başlangyçlaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşmak ýaly wezipeler bar. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde, Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde bolan VII Bütindünýä suw forumynda eden çykyşlarynda öňe süren başlangyçlarynyň wajypdygy bellenildi. Milli Liderimiziň öňe süren tekliplerinde ähli döwletleriň bähbitlerini nazara almak bilen, abraýly guramalaryň gatnaşmagynda halkara hukugyň esasynda netijeli halkara gatnaşyklary ýola goýmak üçin tagallalary etmegiň zerurdygy nygtaldy. Sebitiň ýurtlarynyň ykdysady ösüşi hem-de durmuş abadançylygy suw serişdelerine ählumumy elýeterlilik hem-de onuň oba hojalyk zerurlyklary üçin netijeli peýdalanylmagyna bagly bolup durýar. Türkmenistan öz tarapyndan durmuş-ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, suwdan rejeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleriň çözgüdi boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýär. Munuň özi sebit we ählumumy möçberde örän ähmiýetlidir. Mejlisiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar geçen ýylyň ösüş suwlary berilýän döwründe suwuň sarp edilişiniň, şeýle hem 2020-nji ýyl üçin kesgitlenen suw gorlaryna geçirilen seljermeleriň netijelerine garadylar we sebitiň esasy derýalarynyň suw akabalarynyň iş tertibine çaklama berdiler. AHHG-nyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça Teswirnama kabul edildi.

Soňky habarlar
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dabaraly açyldy
16.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Mek­si­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Prezidentini gut­la­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di
top-arrow