Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparynyň maslahaty
Jemgyýet
Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparynyň maslahaty
Çap edildi 09.04.2020
1759

Şu gün Mejlisde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen baglanyşykly teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy bilen döredilen iş toparynyň nobatdaky maslahaty geçirildi. Düzümine Milli Parlamentiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, hukuk goraýjy edaralaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriň wekilleri, alymlar, şeýle hem Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň bilermenleri, tejribeli hünärmenler girýän iş topary yzygiderli esasda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň ähli halk tarapyndan ara alyp maslahatlaşmaga hödürlenen taslamasyna gelip gowuşýan tekliplere seljerme geçirýärler. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň raýatlaryndan, syýasy partiýalardan, edara-kärhanalaryň toparlaryndan, şeýle hem jemgyýetçilik guramalaryndan we ýerli häkimiýet edaralaryndan gelip gowşan tekliplere seljerme berildi. Şunda Esasy Kanunyň kämilleşdirilmegi babatda halkara hukugyň kadalaryna we daşary ýurtlaryň oňyn tejribesine aýratyn üns berildi. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça öňe süren taryhy başlangyjy ähli halk tarapyndan makullanma we goldawa eýe boldy. Jemgyýetçilik pikirini doly we hemmetaraplaýyn nazara almak maksady bilen, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilen taslamasy ähli halkyň işjeň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşylýar. Bellenilişi ýaly, amala aşyrylýan konstitusion özgertmeler döwlet häkimiýet edaralarynyň işini kämilleşdirmäge, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmaga gönükdirilendir. Bu bolsa Türkmenistanyň syýasy ulgamynyň esasy ýörelgesi bolup durýan «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň konstitusion özgertmeleriň mazmunyny we ähmiýetini, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasynda beýan edilen kadalaryň mazmunyny düşündirmek, şeýle hem gelip gowuşýan teklipleri toplamak, deslapdan öwrenmek we umumylaşdyrmak boýunça ýerlerde geçirilýän işler baradaky habarlary diňlenildi. Maslahata gatnaşanlar bu kanunyň kabul edilmeginiň halkymyz üçin taryhy waka hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimiziň konstitusion taýdan ösüşinde täze möhüm tapgyr boljakdygy barada bir pikirde boldular. Maslahatyň barşynda bu ýere ýygnananlar iş toparynyň işiniň, şol sanda wagyz-düşündiriş işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly anyk wezipeleri kesgitlediler.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow