Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Şol dabaralaryň çäklerinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik ugruna degişli hünärleriň wekilleriniň arasynda geçirilen ýaryşlaryň ýeňijilerini we baýrak eýelerini sylaglamak dabarasy boldy. Her ýyl geçirilýän bäsleşik türkmen atlarynyň şöhratyna bagyşlanan esasy baýramçylyk çäreleriniň biridir. Ol atçylyk däpleriniň ösdürilmegini höweslendirmäge, köptaraply medeni miras, kämil derejedäki täsin ýüze çykma hökmünde ahalteke tohum atlaryna milletiň baý medeni mirasynyň aýdyň nusgasy hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge gönükdirilendir, bäsdeşlik ruhy bolsa wakalaryň şowhunyny hem-de täsirli duýgulary diňe güýçlendirýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri şu gün irden Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldiler. Bu ýere şol sanda tutuş ömründe saýlap alan işinde ajaýyp üstünlikleri gazanan, şu günler sarpalanýan abraýly atşynaslar, atlaryň täsin dünýäsi bilen ol ýa-da beýleki ýagdaýda gatnaşygy bolan beýleki pudaklaryň hakyky ussatlary hem ýygnandylar. Bu atçylyk toplumynda saýlama bedewleri ýetişdirmek we seýislemek üçin ajaýyp şertler döredilendir, bu bolsa ony dünýä atçylygynda öňdäki orny eýeläp, jahanyň ähli ýerlerinden pudaga degişli hünärmenleriň hem-de bilermenleriň uly ünsüni özüne çekýär. Çünki türkmen halkynyň milli gymmatlygy we buýsanjy bolan ahalteke atlary ynsanyň döredijilik paýhasynyň tebigat bilen utgaşyklykda döredilen gözelligiň hem-de sazlaşygyň iň ýokary derejesini alamatlandyrýar. Hut şoňa görä-de, bu gün ynsan gylykly bedewler Türkmenistanyň häzirki döwrüniň nyşany — taryhy tejribäniň nesilden-nesle geçijiliginiň, belent maksatlaryň dabaralanmagynyň, joşgunly zähmetiň hem-de ösüşlere tarap kuwwatly maksada okgunlylygyň nusgasy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy Ahalteke atçylyk toplumyna gelýär. Bu ýerde baýramçylyk aýdym-sazlary ýaňlanyp, ruhubelentlik döredýär. Uly türkmen toýunyň hemişe bolluk bilen bagyş edýän ýatdan çykmajak ajaýyp täsirleri hemmeleri şatlykly ýagdaýda birleşdirýär. Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary mübärekläp, baýramçylyk nyşanlary bilen bezelen atçylyk toplumynyň çäklerine geçýär. Meşhur artistler we döredijilik toparlary milli Liderimizi ajaýyp çykyşlary bilen garşylaýarlar. Döwlet Baştutanymyz tomaşa münberinde özi üçin bellenen ýere geçdi. Hormatly Prezidentimiziň hemme asylly başlangyçlary hem-de milli atçylyk pudagyny ösdürmäge, arassa ganly gymmatly ahalteke tohum atlaryň baş sanyny gorap saklamak we köpeltmek, olary dünýäde wagyz etmek baradaky aýratyn ünsüne we aladasyna gönükdirilen deňsiz-taýsyz tagallalary halkymyzyň giň goldawyna eýe bolýar. Ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň adyndan özleriniň işine berýän uly ünsüne hoşallygyň alamaty hökmünde, şeýle hem şanly waka mynasybetli döwlet Baştutanymyza saýlama ahalteke atlaryny sowgat hökmünde kabul etmegi haýyş edýärler. Ýurdumyzyň her welaýatyna hem-de paýtagtymyza degişli bedewleri biri-biriniň yzyndan meýdança çykarýarlar. Olar bilen birlikde gezekli-gezegine ähli sebitleriň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular hem-de ýaş nesilleriň wekilleri çykýarlar. Şeýlelikde, Ahal welaýatynyň zähmetkeşleriniň adyndan Nowruz, Balkan welaýatynyň zähmetkeşleriniň adyndan Hazar, Daşoguz welaýatynyň zähmetkeşleriniň adyndan Gerçek, Lebap welaýatynyň zähmetkeşleriniň adyndan Köýten, Mary welaýatynyň zähmetkeşleriniň adyndan Kowum, Aşgabat şäheriniň zähmetkeşleriniň adyndan Paýtagt diýen bedewler sowgat berildi. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň adyndan Edermen atly bedew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat berildi. Ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň adyndan Toýly diýen ajaýyp bedew milli Liderimize sowgat berildi hem-de ol tanyşdyrylyp, onuň pasporty gowşurylýar. Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň baýramçylyga gatnaşýan hormatly ýaşulularyna, behişdi bedewleriň şöhratly taryhyny dowam etmäge uly goşant goşýan atşynaslaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi. 2017-nji ýylda doglan mele reňkli bu bedew Batyr we Sonar atly atlaryň neslinden bolup, Gyrsakaryň ugruna degişlidir. Hormatly Prezidentimiz atyň boýnuna göz-dilden gorar ýaly, däp bolan alajany daňyp, onuň üstüne atlandy hem-de ajaýyp atda birsellem gezim edip, çapuw ýodasyna çykdy. Aýdym-sazlar ýaňlanýar, dabaralar barha gyzyşyp, adamlary ýokary ruhubelentlige besleýär hem-de olaryň agzybirligini has-da güýçlendirip, jebisligi, döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny duýmaga atarýar. Sebäbi uly we agzybir maşgala bolup bellenilýän ählumumy baýramçylykdan başga özge hiç zat ynsan joşgunyny ýagşylygyň we päkligiň kuwwatly güýjüne jemläp bilmeýär. Milli Liderimiz ata erk etmegiň ussatlygyny hem-de ynsan bilen bedewiň arasyndaky mähribanlygy görkezdi. Behişdi bedewlerimiz biziň üçin dünýäde deňi-taýy bolmadyk gymmatlyk bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň iň oňat atşynaslyk däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegi we kämilleşdirilmegi, ahalteke tohumlaryny köpeltmek üçin amatly şertleriň döredilmegi, ýurdumyzyň atçylygynyň bu ugurda halkara derejä çykarylmagy barada yzygiderli alada edýär. Tehnikanyň iň ýokary gazananlary bilen enjamlaşdyrylyp, ähli welaýatlarda gurlan atçylyk toplumlary munuň aýdyň subutnamalarydyr. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda baş edarasy Aşgabatda bolan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işi behişdi bedewleriň bütin dünýäde mundan beýläk-de giňden wagyz edilmegine ýardam edip, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzda geçirilýän halkara sergiler we maslahatlar, şeýle hem ganatly bedewleriň milli gözellik bäsleşigi şu maksatlara hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz işiniň örän köplügine garamazdan, boş wagtlaryny at üstünde çapmagyň ussatlygyny kämilleşdirmäge, bedewler bilen didarlaşmaga yzygiderli üns berýär. Behişdi bedewler hormatly Prezidentimiziň edebi döredijiliginde hem aýratyn orun tutýar. Taryhy we häzirki zaman resminamalaryny seljermegiň we umumylaşdyrmagyň esasynda ýazylan deňsiz-taýsyz ahalteke bedewleri baradaky ajaýyp kitaplar döwlet Baştutanymyzyň galamyna degişlidir. Bu eserler behişdi bedewleriň hakyky senasyna öwrüldi, olaryň daşary ýurt dillerine terjime edilmegi bilen, olar Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinden bolan ahalteke bedewleriniň köp sanly janköýerlerine bu tohumyň müňýyllyklara uzaýan ýylýazgysyndan ençeme gyzykly wakalary we häzirki wagtdaky maglumatlary bilmäge mümkinçilik berýär. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öň ýanynda hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly nemes, türk we arap dillerine terjime edilen kitaby öňki terjime edilen neşirler toplumynyň üstüni ýetirdi. Ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň şöhraty asyrlardan aşyp, häzirki günlerde hem parasatly we gadymy halk hem-de onuň gahrymanlary baradaky gürrüňleri dünýä ýetirýär. Türkmenleriň halk döredijiliginde çuňňur söýgi bilen döredilen bedewiň keşbinde milli ruh, maksada okgunlylyk, gözellik, güýç hem-de dostluk, wepalylyk, gaýduwsyzlyk, ynsaplylyk, mertebe, Watana söýgi ýaly düşünjeler öz beýanyny tapýar. Adamlar bilen gatnaşykda ahalteke bedewi örän duýgurdyr. Her näçe buýsançly gylyk-häsiýetli bolsalar-da, olar öz eýesiniň özi hakyndaky aladasyny duýanda diýen edijidir. Bedewleriň örän gözel syn-sypaty netijesinde, olar diňe bir atçylyk sportunda üstünliklere eýe bolman, kinofilmleriň hem gahrymanlaryna öwrülýärler, sirklerde çykyş edýärler. Ahalteke bedewleri söweş meýdanlarynda hem, zähmetde hem ata-babalarymyzyň hemişe kömekçileri bolupdyr. Türkmen halky biziň milli buýsanjymyza hem-de tutuş adamzadyň gazanan genji-hazynasyna öwrülen ahalteke bedewleriniň iň gowy häsiýetleriniň waspyny ýetirýän ençeme ganatly jümleleri aýawly saklap, biziň günlerimize çenli getiripdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Häzirki wagtda, ylmy-tehniki öňegidişlik döwründe hem türkmenleriň arasynda bedew bilen ynsanyň arasyndaky haýran galaýmaly gatnaşygyň ähmiýeti ýitirilmedi. Şol sebäpli hem biz Türkmenistanyň ýokary depginler bilen ösüşini bedew bady bilen deňeşdirýäris. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu düşünje halkymyzyň ruhubelentligini, jebisligini döwletimiziň, jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän oňyn özgertmeleriň ägirt uly gujur-gaýratyny alamatlandyrýar. Halkymyz milli Liderimiziň baştutanlygynda röwşen geljege tarap ynamly öňe gitmek bilen, beýik işleri amala aşyrýar, ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Milli Liderimiz çapuw ýodasy boýunça at üstünde gezim edip, dürli usullarda bedewi synap gördi. Bedew tejribeli, başarnykly çapyksuwaryň ussatlygyny duýup, ähli buýruklary takyk ýerine ýetirip, tomaşaçylara öz gözelligi, akgynlylygy we timarlanan hereketleri bilen lezzet almaga mümkinçilik berdi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bedewden düşüp, tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda özi üçin bellenen ýere bardy. Soňra alypbaryjy ahalteke atlarynyň arasynda halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň başlanýandygyny yglan edýär. Şeýle bäsleşikler Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giň gerimli maksatnamasyna berk ornaşdy, ýöne her gezek bu deňsiz-taýsyz şüweleň atlary söýüjileri hem, köpügören janköýerleri hem täzeden geň galdyrýar. Bu gezek hem şeýle boldy. Deslapky tapgyrlarda Aşgabadyň, Ahal, Balkan, Lebap, Daşoguz we Mary welaýatlarynyň ahalteke tohum atlarynyň arasyndan iň oňat wekilleriniň saýlanyp alnan 10syny syn ediş meýdançasyna çykarýarlar. Olaryň her biri eminleriň öňünden iki gezek geçirildi. Birinji gezekde bezegsiz görnüşinde, ikinji gezekde bolsa bezelen şaý-sepli görnüşinde emin agzalarynyň öňünden geçdiler. Ähli bedewler ady, ýaşy, gelip çykyşynyň maglumatlary, eýesi bilen tanyşdyrylyp, eminlere we köpçülige görkezilýär. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna çykan atlar meşhur ata-babalaryndan gaýdýan ol ýa-da beýleki nesil ugruny dowam edýär. Behişdi bedewleriň köp sanly janköýerleri arassa ganly atlary seçgiçilik taýdan ýetişdirmekde esasy şahalaryň düýbüni tutan ajaýyp ahalteke bedewleriniň nesilleriniň üýtgeşik beden gurluşlaryna baha berip bildiler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazyşy ýaly, türkmen halkynyň buýsanjy we şöhraty bolan täsin bedewler bulutlaryň aňyrsyndan öwşün atýan belentliklerden inip düşýän ýaly, gözüňi gamaşdyryjy ajaýyp keşbinde peýda boldular. Hakyky sazlaşygy bozmazlyk üçin şunuň ýaly tebigy gözelligiň haýsydyr bir zat bilen üstüni ýetirmek kyndyr, ýöne türkmenler bu işi inçelik bilen etmegi öwrenip, kümüş, altyn we gymmat bahaly tebigy daşlar, zergärleriň yhlasly zähmetini gaýgyrman, öz atlaryny hakyky gymmat baha bezegler bilen bezeýärler. Atlar mertebeli kaddy-kamaty bilen öz daşky sypatlaryny we okgunly ukybyny saklap bilýän başarnygyny görkezip, beden gurluşlarynyň nepisligi hem-de deňsiz-taýsyz ölçegleri bilen haýran galdyrdylar. Dogrudan-da, arassa ganly at iň oňat seýisleriň tagallalary bilen taraşlanan hakyky genji-hazynadyr. Dabaranyň barşynda bu gözellikleri şu ýere ýygnanan suratkeşler öz surat eserlerinde beýan etdiler. Bäsleşigiň netijelerini jemlemegiň hem-de abraýly eminleriň çözgüdini yglan etmegiň wagty geldi. Şeýlelikde, 2020-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi diýlip, Gerden we Owadan diýen atlaryň nesli bolan Gyrsakar diýen gara bedew yglan edildi. Bu bedew Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişlidir. Onuň seýisi Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Mämmetmyrat Gazakow. «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine döwlet Baştutanymyzyň adyndan baş baýrak — «Audi Q8» kysymly awtoulagyň açary gowşuryldy. Atyň seýisi gymmat bahaly baýrak hem-de ýelden ýüwrük behişdi bedewleriň ösdürilip ýetişdirilmegine ägirt uly üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Ol ata-babalarymyzyň bu ugurdaky ýörelgelerini türkmen atşynaslarynyň mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynandyrdy hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem bu ýerde täsin tebigy gözelligi sungatda çeper beýan etmek ugrundaky döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi. Iň oňat işler haly eserini döretmek, zergärçilik eseri, iň oňat surat we heýkel eserleri, şeýle hem neşir önümleri, fotosurat we teleoperatorçylyk işi diýen ugurlar boýunça saýlanyp alyndy. Bu bäsleşigiň baş maksady türkmen halkynyň durmuşynda bu owadan, akylly we duýgur bedewleriň tutýan ornuny görkezmekden ybaratdyr. Ahalteke bedewiniň gaýtalanmajak keşbi, häsiýeti, duýgurlygy we täsin zehini eserleriň awtorlaryny şahyrana mazmuna hem-de päkize güýç-kuwwata beslenen dürli keşpleri döretmäge ruhlandyrdy. Bu bäsleşikde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan baýraklar şu ýeňijilere: haly suratkeşi, Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýewe «Bagtyýarlygyň mekany» atly, türkmen bedewiniň şekili çitilen iň nepis haly eseri üçin 3 müň amerikan dollary möçberinde; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň zergär mugallymy Şazada Orazberdiýewe «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen, türkmen bedewiniň naýbaşy şaý-sepi, bezeg lybaslary zergärçilik işi üçin 2 müň amerikan dollary möçberinde; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň grafika kafedrasynyň müdiri Parahat Gapançaýewe «Parasat» atly, türkmen bedewiniň iň gowy nakgaş eseri üçin 1 müň 500 amerikan dollary möçberinde pul baýraklary gowşuryldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Patdyk Patdykowa «Bitaraplygyň mekany» atly, türkmen bedewiniň iň gowy heýkel eseri üçin 1 müň amerikan dollary möçberinde; «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň foto-habarçysy Hasan Magadowa «Ýüwrük bedewler» atly, türkmen bedewiniň keşbi ýerleşdirilen iň gowy neşir önümi — kalendar foto işleri üçin 1 müň amerikan dollary möçberinde; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň teleoperatorlar bölüminiň teleoperatory Alekseý Koçetowa «Ganatly bedewler» atly, türkmen bedewiniň gözelligini açyp görkezýän iň gowy telewizion wideoşekili üçin 1 müň amerikan dollary möçberinde pul baýraklary gowşuryldy. Şa serpaýynyň eýeleri — bäsleşigiň ýeňijileri mynasyp bolan sylaglaryna buýsanýandyklaryny aýdyp, özleriniň işlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de behişdi bedewlerimiziň dünýä derejesindäki abraýynyň has-da belende galmagyna, olary mundan beýläk-de giňden wagyz etmekde ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar. Meşhur ýerine ýetirijileriň aýdym-sazly çykyşlary dabaralaryň jemleýji bölegine öwrüldi. Olar döredijilik çykyşlarynda türkmenistanlylaryň başdan geçirýän belent buýsanç we bagtyýarlyk duýgularyny wasp etdiler. Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyga gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.