14.05
2020
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanlylaşdyrmagy milli ykdysadyýetimiziň ulgamlaýyn meselelerini çözmegiň möhüm ugry hökmünde kesgitledi. Sanly ykdysadyýet maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ykdysady iş bolup durýar. Tehnologiýa taýdan ösen ýurtlaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, sanly ykdysadyýet olara öňe ilerlemäge we dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga mümkinçilik berdi.
14.05
2020
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) we Belarus Respublikasynyň Belarus telegraf agentligi BelTA — iri döwlet habarlar agentliginiň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda maglumatlary alyşmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen ikitaraplaýyn Ähtnamanyň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy.
13.05
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çärä — Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebine ussat mugallym, edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň harby gulluk resminamalaryny gowşurmak dabarasyna gatnaşmaga geldi.
13.05
2020
Şu gün Söwda-senagat edarasynyň binasynda şanly senä — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan täze neşirleriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
13.05
2020
Şu gün paýtagtymyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly halkara fotosergi hem-de maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň taryhynda şanly senä — Bitaraplygyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp guralan sergide ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň suratkeşleriniň, fotosuratçylarynyň hem-de habarçylarynyň işleri görkezildi.
13.05
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.
13.05
2020
Şu gün Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň umumy ýygnagy geçirildi. Onda ýurdumyzda hususy işewürligi mundan beýläk-de ösdürmegiň häzirki wagtdaky meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
12.05
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
12.05
2020
Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasynda wideomaslahat görnüşinde syýasy geňeşmeler geçirildi, olaryň dowamynda ýokary derejede ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde özara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
12.05
2020
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde geçirilen şu günki nobatdaky mejlisiniň gün tertibine GDA-nyň işiniň esasy ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.