Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar geçirildi
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar geçirildi
Çap edildi 12.05.2020
765

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasynda wideomaslahat görnüşinde syýasy geňeşmeler geçirildi, olaryň dowamynda ýokary derejede ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde özara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adatdan daşary ýagdaýlar şertlerinde bökdençsiz halkara ulag gatnawlaryny üpjün etmek boýunça öňe süren başlangyjy barada aýtmak bilen, sebitde we dünýäde pandemiýanyň täsirlerini ýeňip geçmekde Türkmenistanyň eýeleýän netijeli ornuny nygtadylar. Ulag-telekommunikasiýa pudagynda hyzmatdaşlyk, şol sanda «Hazar deňzi — Gara deňiz» halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak meseleleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet we hususy bölegiň wekilleriniň arasynda dürli pudaklarda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmekde Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-rumyn toparynyň ähmiýetli orny bellenildi.

***
Şu gün Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde Ispaniýanyň «TYPSA» kompaniýasynyň wekilleri bilen wideomaslahat görnüşinde iş maslahaty geçirildi. Wideomaslahatyň dowamynda dürli çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek hem-de dürli pudaklarda isleglere eýe bolan önümleriň giň görnüşlerini öndürmek boýunça senagat desgalarynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary gurmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary, şol sanda raýat gurluşygy we binagärlik ulgamynda ýöriteleşdirilen kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. «TYPSA» kompaniýasynyň gurluşyk senagatyny ösdürmek boýunça bellenilen meýilnamalary, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garaldy, dürli ugurlarda ýöriteleşdirilen zawodlaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak hem-de ýokarda görkezilen ulgamlarda işgärleri taýýarlamak babatynda özara gyzyklanma we hyzmatdaşlyga taýýarlyk beýan edildi, şeýle hem bu babatda anyk teklipler aýdyldy.
***
Şu gün DIM-de Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen onlaýn duşuşyk geçirildi. Gepleşiklere türkmen tarapyndan şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň we Döwlet serhet gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Möhüm ugurlaryň birnäçesi, hususan-da, ulag we saglygy goraýyş, bilelikdäki desgalaryň gurluşygy ulgamynda, iki ýurduň Baştutanlarynyň — Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hasan Ruhaniniň arasynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ugurlar boýunça türkmen- eýran hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem dünýädäki epidemiologiýa ýagdaýy hasaba almak bilen, ulag gatnawlaryny işjeňleşdirmek hem-de türkmen-eýran serhediniň gözegçilik-geçiriş nokatlarynda howpsuzlygy üpjün etmek babatynda pikir alyşmalar boldy.
***
Şu gün «Türkmendemirýollary» agentliginde wideomaslahat tertibinde Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýol ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag-kommunikasiýa toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, ýurdumyzyň birnäçe beýleki pudaklarynyň wekilleri gatnaşdylar. Hususan-da, taraplar goňşy döwletleriň ulag ulgamynda, sebit we halkara ulag-kommunikasiýa düzümlerini kemala getirmekde geljekki hyzmatdaşlygy babatynda pikir alyşdylar. Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly emele gelen ýagdaýyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýetirýän oňaýsyz täsiriniň öňüni almak maksady bilen geçirilýän anyk çärelere we bu ugurdaky ädimlere garaldy. Dürli ugurlar boýunça durnukly ýük gatnawlaryny üpjün edýän logistika ulgamynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigi aýratyn bellenildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyzyň ykdysadyýetleriniň galkynmagy, ahyrky netijede bolsa halklarymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagy köp derejede bu ulgamyň ösdürilmegine baglydyr.

Soňky habarlar
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
top-arrow