19.06
2020
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň arheologik barlaglarynyň ýazky möwsümi milli taryhymyzyň üsti açylmadyk sahypalaryny öwrenmek, halkymyzyň medeniýetini ösdürmek babatda örän netijeli boldy. Şol döwürde gadymy binagärligiň täsin desgalarynda dikeldiş işleri hem geçirildi.
19.06
2020
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň sement zawodlarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny has-da artdyrmak, şeýle hem «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmagy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda çykaran 1676-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
19.06
2020
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin 2020-nji ýylyň 23-24-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
19.06
2020
Şu gün Daşary işler ministrliginde «Koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça häzirki ýagdaýlara syn» mowzugy boýunça nobatdaky brifing geçirildi.
19.06
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
18.06
2020
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün irden Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden paýtagtymyza tarap ugrady.
18.06
2020
Şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» adam hukuklary boýunça gatnaşyklaryň çäklerinde nobatdaky mejlis geçirildi.
17.06
2020
Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda, daýhan hojalyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
17.06
2020
17-nji iýunda Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda hem-de Balkan welaýatynyň Gumdag şäherinde Dokma senagaty ministrliginiň söwda dükanlarynyň täze toplumy açyldy.
16.06
2020
Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.