18.08
2020
Halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň çalt depginde sanlylaşdyrylmagy hem-de häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy wezipelerini üstünlikli çözmegiň zerur şertidir.
17.08
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli desgalaryň ulanylmaga berilmegine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
16.08
2020
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.
14.08
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly wideomaslahat görnüşinde şu ýylyň ýedi aýynda Hökümet tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi, onda degişli hasabatlar diňlenildi, şeýle hem ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
14.08
2020
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bugdaýyň öndürilişini has-da artdyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny öndürmekde daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
13.08
2020
Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasarynyň senagat we söwda ministriniň arasynda onlaýn görnüşinde gepleşikler geçirildi.
12.08
2020
«Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
12.08
2020
«Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 56-njy, 72-nji, 73-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:
12.08
2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
12.08
2020
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, «Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda,