02.11
2020
«Ak altynyň» bol hasylyny ösdürip ýetişdiren edermen daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň pagta taýýarlamak baradaky öňde goýan beýik maksatlarynyň barha ýakynlaşmagyny şertlendirýär. Şu günler bu wajyp möwsüm tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy. Ahal we Mary welaýatlarynyň käbir etraplarynyň pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary öňdebaryjylaryň zähmet depginleriniň ýokarydygyny äşgär edýär.
02.11
2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň şypahana ulgamyny has-da ösdürmek, şypahana-bejeriş we sagaldyş-dikeldiş usullarynyň hem-de hyzmatlarynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze we netijeli görnüşlerini giňden ornaşdyrmak, saglygy goraýyş hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,
01.11
2020
Şu gün Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde giň möçberli internet-taslama bolan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň wirtual sergisini gurady. Ol ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.
01.11
2020
Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 27 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
31.10
2020
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.
31.10
2020
Şu gün Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 27 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
31.10
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti jenap Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň Izmir welaýatynda bolup geçen köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.
30.10
2020
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy oktýabrda Seulda geçirilen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.
30.10
2020
Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara foruma gatnaşyjylaryň ählisini işiň başlamagy bilen mähirli gutlamaga hem-de olara gutlag sözi bilen ýüzlenmäge döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!
30.10
2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.