08.11
2020
Şu gün tutuş ýurdumyzda Hasyl toýy mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Ol daýhanlaryň gaýratly zähmetiniň netijelerine, bereketli türkmen topragynda ýetişdirilen bol hasyla ählihalk buýsanjynyň özboluşly nyşanydyr. Aşgabadyň atçylyk sport toplumy paýtagtymyzdaky dabaralaryň merkezine öwrüldi, onuň baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançasynda oba hojalygynyň öňdebaryjylaryny hormatlamak dabarasy boldy.
07.11
2020
Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bag ekmek boýunça ählihalk çäresi geçirildi. Eziz Diýarymyzyň giňişliklerinde täze baglyklaryň we seýilgähleriň düýbüni tutmak boýunça giň gerimli çäre ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmaga, türkmen topragynyň ähli künjeklerini ajaýyp ýaşyl lybas bilen bezemäge gönükdirilendir.
07.11
2020
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.
06.11
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň hormatyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlup, ulanylmaga berlen häzirki zaman «Bagabat» şypahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şypahana toplumy bilen bir hatarda, oňa barýan döwrebap ýoluň gurlup, ulanylmaga berilmegi we onuň ugrunda belent başly «Saglyk» binasynyň oturdylmagy mynasybetli guralan dabaralar eziz Diýarymyzyň her bir gününiň belent sepgitlere, ajaýyp ýeňişlere beslenýändigini görkezýän taryhy waka öwrüldi.
06.11
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde geçirilen nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
06.11
2020
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünlikleri we ýokary netijeleri, Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli, karar edýärin:
06.11
2020
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyza halkara ölçeglere laýyklykda innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap şypahana kömegini bermegi guramak, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan 200 orunlyk şypahanany netijeli dolandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine garamagynda hojalyk hasaplaşygynda işleýän «Bagabat» şypahanasyny bellenen tertipde döretmek hem-de şu şypahana hakyndaky tertipnamany bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.
05.11
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.
05.11
2020
Teleradioýaýlymlaryň alyp barýan işleriniň hilini ýokarlandyrmak, tehniki binýadyny berkitmek we döwrebap teleradio enjamlaryny satyn almak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine döwrebap teleradio enjamlaryny satyn almak, gurnamak we ulanyşa girizmek barada Birleşen Arap Emirliklerindäki «Sony Middle East And Africa FZE» kompaniýasy (Ýaponiýa) bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
05.11
2020
Şu gün wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hödürlän taslamasyny ABŞ-nyň «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky ilçiniň gaznasy» atly maksatnamasynyň bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde yglan etmek dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde instituta degişli pul sylagy gowşuryldy.