Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binagärlik we şähergurluşyk ulgamyny kemala getirmek hem-de berk bedenli, sagdyn ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, şeýle hem çagalaryň dynç alyş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň häkimligine S.A.Nyýazow adyndaky etrapda çagalar üçin döwrebap dynç alyş seýilgähiniň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.
Şu gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sanly ulgam arkaly BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan şatlykly habary ýetirdi. Şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnama guramanyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Agzalan Kararnamanyň döredijileri bolup 48 döwlet çykyş etdi.
Ýurdumyzy depginli ösdürmek boýunça kabul edilen meýilnamalary amala aşyrmak babatda yzygiderlilik, dünýäniň hemme ýurtlary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän netijelilik hem-de uzak möhletlilik hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Milli Liderimiziň ähli başlangyçlary, durmuş-ykdysady maksatnamalary, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny we rowaçlygyny üpjün etmek strategiýasy bilen sazlaşykly bitewüligi emele getirýär.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly welaýatlaryň hem-de olaryň etraplarynyň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek hem-de ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün agtyklary bilen “Rahat” atly häzirki zaman gämisinde Hazar deňziniň giňişliklerinde gezelenç etdi. Ýokary derejede enjamlaşdyrylan ak gämi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy boýunça uzap gidýän kenardan deňiz giňişligine tarap ýüzüşe başlady.
Bu sebitde iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow irki maşklary ýerine ýetirenden soň, pyýada we welosipedde gezelenç etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçleriň ygtyýaryna täze gelip gowşan harby uçarlar, olaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdy we uçarlaryň birini synagdan geçirdi.
Alžiriň halkynyň, Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize Gurban baýramy mynasybetli mähirli we iň gowy arzuwlarymy uly şatlyk bilen ýollaýaryn. Beýik Allatagaladan musulman ymmatyna bagtyýarlyk, jan saglyk hem-de rowaçlyk eçilmegini dileýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň birnäçe sebitinde adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getiren pajygaly tokaý ýangynlary zerarly gynanç hatyny iberdi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.
Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.