Ýurdumyzy depginli ösdürmek boýunça kabul edilen meýilnamalary amala aşyrmak babatda yzygiderlilik, dünýäniň hemme ýurtlary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän netijelilik hem-de uzak möhletlilik hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Milli Liderimiziň ähli başlangyçlary, durmuş-ykdysady maksatnamalary, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny we rowaçlygyny üpjün etmek strategiýasy bilen sazlaşykly bitewüligi emele getirýär.
26-njy iýulda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynda gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere garaldy.
Welaýatlaryň häkimleri etraplaryň ekin meýdanlaryny karta boýunça görkezip, gowaça agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek, pagta ýygymyna taýýarlyk görmek hem-de bugdaý ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak barada hasabat berdiler.
Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda hem-de Balkan we Mary welaýatlarynyň güýzlük gant şugundury ekilen meýdanlarynda ideg işleri ýokary derejede alnyp barylýar.
Şeýle hem welaýatlar boýunça şu ýyl ekilmegi meýilleşdirilýän güýzlük ýeralmanyň ekiş geçiriljek 5 müň gektarynyň taýýarlyk derejesi barada hasabat berildi. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gök we beýleki aralyk ekinleriň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär.
Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy, şanly senäni mynasyp garşylamaga görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda, guramaçylykly geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, pudaga häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, ylmyň ýokary gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, önüm öndürijiler üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanylmalydygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, şu ýyl üçin meýilleşdirilen ähli işleriň hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda gurluşyk işleriniň bellenilen möhletinde we ýokary hilli ýerine ýetirilmelidigini nygtady.
27-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň wezipä täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdi kabul etdi.
Duşuşygyň barşynda birnäçe ugurlar, ilkinji nobatda bolsa, iri halkara guramalaryň we sebit düzümleriniň çäklerinde ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk boýunça pikir alşyldy.
Döwlet Baştutanymyz we ilçi syýasy-diplomatik hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeňleşdiriljekdigine ynam bildirdiler. Döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň wajypdygy bellenildi.
Diplomat Saud Arabystanynyň işewür toparlarynyň ysnyşykly işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-saud toparynyň işi hem öňde goýlan belent maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Ýangyç-energetika toplumy, söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa ulgamlary we beýleki ugurlaryň birnäçesi hyzmatdaşlygyň geljegi uly möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Patyşasyna hem-de Mirasdüşer Şazadasyna özleri üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny aýtdy. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
28-nji iýulda milli Liderimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hamelini kabul etdi.
Ileri tutulýan ugurlarda netijeli gatnaşyklaryň geljegi barada gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda, ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylda BAE bolan resmi saparynyň hem-de şu ýylyň iýun aýynda wise-premýer S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň çäklerinde uzak möhletleýin esasda ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmek üçin ygtybarly binýadyň bardygy bellenildi.
Balkan welaýatynda sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge ukyply bolan täze Halkara howa menziliniň hem-de “Altyn asyr” Türkmen kölüniň çäginde kuwwaty 10 megawat bolan döwrebap Gün-ýel elektrik bekediniň gurluşygy üçin bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Energetika, ulag we aragatnaşyk, senagat ulgamlarynda, oba hojalygynda, gurluşykda öňdebaryjy ylmyň gazananlaryny, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge amatly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Milli Liderimiz Dubaý şäherinde geçiriljek nobatdaky Bütindünýä “EKSPO” sergisine Türkmenistanyň gatnaşjakdygyny tassyklady.
30-njy iýulda iş sapary bilen Balkan welaýatynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda hemme pudaklarda alnyp barlan işleriň deslapky netijeleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi.
Mejlisde geljek ýylyň Döwlet býujeti boýunça teklipleri taýýarlamak we ony Ministrler Kabinetine hödürlemek, dünýä ykdysadyýetinde ählumumy koronawirus pandemiýasy zerarly bolup geçýän ýaramaz ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini gysga we orta möhletde azaltmaga mümkinçilik berjek çäreleri amala aşyrmak boýunça işleri dowam etmek barada degişli görkezmeler berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek, ony döwrüň talaplaryna laýyk getirmek wezipelerine ünsi çekdi. Pudagyň önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatynyň pugtalandyrylmagy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle-de onuň Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine saldamly goşant goşmagyny üpjün etmelidir.
Döwlet Baştutanymyz ilatyň zerur bolan harytlar, aýratyn hem azyk önümleri bilen üpjün edilmegine ünsi çekip, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürýän kiçi, orta we iri kärhanalary gurmagyň hem-de olaryň işini guramagyň maksatnamasyny durmuşa geçirmegi çaltlandyrmagy tabşyrdy.
Mejlisde 2022-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamaga aýratyn üns çekildi. Milli Liderimiz alnyp barylmaly gurluşyklaryň möçberi boýunça öňde örän uly wezipeleriň durýandygyny belläp, gurluşyk senagatyny ösdürmegi dowam etmegiň, gurluşyk toplumynyň talaplaryny doly möçberde üpjün etmek üçin täze önümhanalary we kärhanalary gurup, önümçiligiň kuwwatyny sazlaşykly artdyrmagyň wajypdygyny nygtady hem-de gurluşyk we senagat pudaklary üçin maýa goýumlaryny çekmek meselesiniň üstünde işlemegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tebigatyň özboluşly merjeni, ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýan Hazar deňziniň ekologiýa taýdan sazlaşygyny gorap saklamagyň ýurdumyzyň tebigaty goramak syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, 12-nji awgustda Hazar deňziniň gününe bagyşlanyp geçiriljek “Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ýaly durmuş ähmiýetli ulgamlary yzygiderli ösdürmegiň zerurdygy, ýurdumyzyň geljegi — türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bu ulgamlaryň ösüş derejesine gönüden-göni baglydygy nygtaldy.
Döwlet Baştutanymyz durmuş-ykdysady özgertmeleri ilerletmegiň bähbidine milli kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de täze kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny işläp taýýarlamak we halkara gatnaşyklaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça Mejlisiň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň demokratik gymmatlyklaryny nazara almak bilen, döwletiň hukuk we ykdysady esaslaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam edýän täze kanunlary işläp taýýarlamagyň wajypdygyna üns çekildi.
Ýurdumyzyň gatnaşmagynda geçiriljek dürli halkara çäreler bilen bagly teklipleri taýýarlamaga degişli aýratyn tabşyryklar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň makroykdysady görkezijileri barada aýtmak bilen, ýurdumyzda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň garaşylýan netijeleriniň koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy we onuň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän täsiri sebäpli emele gelen daşarky ýagdaýlara garamazdan, kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň dowam edýändigini görkezýändigini belledi.
Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim boldy. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şol desgalaryň hatarynda täze şäherçeleri, ýaşaýyş jaý toplumlaryny, dynç alyş we saglyk merkezlerini, mekdepleri, çagalar baglaryny hem-de ençeme beýleki desgalary görkezmek bolar. Ýurdumyzda bilim we ylym ulgamyny özgertmek, önümçiligi döwrebap ýagdaýa getirmek işleri hem kabul edilen meýilnamalara laýyklykda dowam edýär. Bazar ykdysadyýeti emele gelýär hem-de nebitgaz ýataklary özleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hususy işewürligi goldamak, ýurdumyzyň telekeçilerini ykdysadyýetimizde özgertmeleri geçirmäge giňden çekmek baradaky syýasatyň dowam etdirilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Milli Liderimiz şu ýyl üçin öňde duran wezipeleriň Ministrler Kabinetiniň geçen ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda anyk kesgitlenendigini aýdyp, bu wezipeleriň köp işleriň amala aşyrylmagyny talap edýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu wezipeleri durmuşa geçirmek üçin yhlas bilen, tutanýerli zähmet çekmelidigi, beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky maksatnamalarymyza goşmaça itergi berilmelidigi aýratyn bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňümizde geçiriljek birnäçe möhüm çäreleri, ýagny 1-nji sentýabrda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen bagly baýramçylyk çärelerini, şeýle hem sentýabr aýynda geçiriljek Milli Geňeşiň mejlisini hem-de Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýini we dekabr aýynda boljak Halkara Bitaraplyk gününi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
31-nji iýulda döwlet Baştutanymyz agtyklary bilen “Rahat” atly häzirki zaman gämisinde Hazar deňziniň giňişliklerinde gezelenç etdi.
Bilelikde geçirilen wagt çagalaryň meşgullanýan ugurlary, çeper döredijilikleri baradaky gyzykly gürrüňlere syrygyp gitdi. Çagalar atalarynyň gojaman Hazaryň taryhy, bu künjegiň tebigy aýratynlyklary hem-de deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygy baradaky gürrüňlerini uly üns bilen diňlediler. Bu gyzykly gürrüňdeşlik ösüp barýan bagtyýar ýaş nesliň türkmen topragyna, tebigatyna bolan söýgüsiniň subutnamasy boldy.
Şeýle hem şol gün hormatly Prezidentimiz Hazaryň kenarynda gurlan “Awaza” köpugurly sport toplumyna bardy.
Milli Liderimiz egindeşlerine köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň, ýokary sport netijeleriniň gazanylmagyny höweslendirmegiň wajypdygy barada aýdyp, yzygiderli sport bilen meşgullanmagyň ýurdumyzyň her bir raýaty üçin durmuş kadasy bolmalydygyny belledi hem-de bu ugurda maksada gönükdirilen işleri dowam etmegi tabşyrdy.
1-nji awgustda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan döwlet Baştutanymyz irki maşklary ýerine ýetirenden soň, pyýada we welosipedde gezelenç etdi hem-de Ýaragly Güýçleriň ygtyýaryna täze gelip gowşan harby uçarlar, olaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdy we uçarlaryň birini synagdan geçirdi.
Täze gelip gowşan harby uçarlar asman giňişliginiň ygtybarly goragyny üpjün etmäge, aňtaw işlerini geçirmäge, gury ýer goşunlarynyň hereketlerini goldamaga niýetlenendir.
Uçarlaryň biri turbareaktiw hereketlendirijiler bilen enjamlaşdyrylyp, uçuş ugruny dessin üýtgetmäge, görkezme-aňtaw uçuşlaryny amala aşyrmaga ukyplydyr. Uçaryň uçuş uzaklygy 2 müň kilometre barabar bolup, onuň iň ýokary uçuş belentligi 13 müň 700 metre deňdir.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy uçuş synagyny geçirip, täze uçary sanlyja sekundyň içinde asmana galdyrdy, asman giňişliginde birnäçe öwrüm etdi we söweşjeň tehnikany ussatlyk bilen gondurdy.
Milli Liderimiz goranmak ministriniň hormatly Prezidentimiziň harby uçarman lybasynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebiň muzeýine berilmegi baradaky teklibini oňlap, munuň harby gullukçynyň hünärini saýlap alan ýaşlaryň maksada okgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmeginde, şöhratly pederlerimiziň däplerine aýawly garamakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy täze uçaryň islendik howa şertlerinde, islendik belentlikde, islendik ýeriň üstünde uçmaga ukyplydygyna, tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Ýaragly Güýçlerimiziň hemme düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýady täze satyn alnan harby tehnikalaryň hasabyna yzygiderli pugtalandyrylar, bar bolan tehnikalar bolsa netijeli ulanylar. Şeýle-de milli Liderimiz harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleriň döwletimiziň hemişe üns merkezinde boljakdygyny nygtady.
Şol günüň özünde döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden paýtagtymyza ugrady.
XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika boýunça ýaryşlarda çykyş eden ildeşimiz Polina Gurýewanyň gazanan Garaşsyz Watanymyzyň taryhyndaky ilkinji olimpiýa medaly Diýarymyzyň ýubileýine ajaýyp sowgat boldy.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň talyby 14 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda 59 kilograma çenli derejede çykyş edip, kümüş medaly gazanmagy başardy. Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň 21 ýaşly türgeni ştangany silkip götermekde üç synanyşygyň hemmesini netijeli tamamlap, 116 kilogram, 119 kilogram we 121 kilogram ştangalary galdyrmagy hem-de bu görnüşde milli rekordy täzelemegi başardy. Şeýle hem P.Gurýewa iki görnüş boýunça jemi 217 kilogramy galdyryp, Türkmenistanyň rekordyny goýdy we öz ozalky üstünligini 6 kilogram ýokarlandyrdy.
Uzak garaşylan ilkinji üstünlik hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň zehinli türgenleri ýüze çykarmak boýunça edýän atalyk aladasyna we ünsüne mynasyp jogap boldy.
Geçen hepde Aşgabatda türkmen-azerbaýjan iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek babatda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgä laýyklykda alnyp barylýan özbaşdaklygyny pugtalandyrmaga, durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, halkymyzyň rowaçlygyny ýokarlandyrmaga, netijeli halkara gatnaşyklary giňeltmäge, mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrmaga gönükdirilen syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.