Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar
Çap edildi 01.08.2021
1804

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, gadyrly doganym!

Alžiriň halkynyň, Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize Gurban baýramy mynasybetli mähirli we iň gowy arzuwlarymy uly şatlyk bilen ýollaýaryn. Beýik Allatagaladan musulman ymmatyna bagtyýarlyk, jan saglyk hem-de rowaçlyk eçilmegini dileýärin.

Pursatdan peýdalanyp, dostlukly halklarymyzyň bähbitlerine gönükdirilen dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek we pugtalandyrmak maksady bilen, hyzmatdaşlyga taýýardygymy ýene bir gezek tassyklamak isleýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, gadyrly doganym, meniň iň gowy arzuwlarymy hem-de Size uly hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Abdelmajid Tebbun,

Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Gurban baýramy mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň!

Mohammad Abdul Hamid,

Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Gurban baýramy mynasybetli Size berk jan saglyk, bagt hem-de üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýollamak meniň üçin uly hormatdyr. Bu baýramyň belent ýörelgeleriniň ähli jemgyýetiň agzybirligini hem-de raýdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Jenap Prezident, Sizi ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasynda ýola goýlan dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge taýýardygymyza ynandyrýaryn!

Size hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Ismail Omar Gelle,

Jibuti Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow