Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
Syýasat habarlary
«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
Çap edildi 09.10.2021
510

Hormatly halkara ylmy maslahata
gatnaşyjylar!

Sizi «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän ylmy maslahatyň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, giňeltmekde hem-de özara tejribe alyşmakda ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna berk ynanýaryn.

Biz uzak geljegi nazarlaýan giň möçberli özgertmeleri, ägirt uly işleri üstünlikli durmuşa geçirip, Garaşsyz döwletimiziň berk binýatly milli saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryny döretdik. Öňdebaryjy tejribeleri, ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny tapgyrlaýyn ornaşdyrmak, dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňden ýaýbaňlandyrmak bilen, bu ulgamlary dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrdyk. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan», şeýle hem bu ugurda alyp barýan döwlet syýasatymyzdan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, lukmançylyk ylymlaryny ösdürmek, jemgyýetimiziň aň-bilim binýadyny pugtalandyrmak, ylymly-bilimli sagdyn nesli kemala getirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş kadalaryny işjeňleşdirmek babatynda ýurdumyzda ähli zerur şertleri döretdik.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman kliniki we ylmy-kliniki merkezler bina edildi. Lukmançylyk we sagaldyş-şypahana ugurly dürli edaralaryň durky täzelendi. Diňe bir soňky ýyllarda welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, «Ene mähri» merkezleri, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup ulanmaga berildi. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň edara binasynyň, köpugurly hassahananyň, Onkologiýa, Tiz kömek, Çagalar sagaldyş-dikeldiş, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleriniň, saglyk öýüniň, Daşoguz welaýatynda köpugurly hassahananyň, Onkologiýa merkeziniň, Balkan welaýatynda köpugurly hassahananyň, Ýokanç keseller hassahanasynyň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli bolsa Aşgabat şäherinde Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki hem-de Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurluşygyna badalga berildi. Bu işleriň ählisi milli saglygy goraýyş ulgamynyň düýpli özgerýändigini, adam we onuň saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýandygyny görkezýär.

Gadyrly myhmanlar!

Biz durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen bir hatarda, häzirki zaman bilim edaralaryny hem gurýarys. Milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýarys, halkara bilim gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirýäris. Täze bilimleriň, ylmyň, tehnologiýalaryň hem-de bäsdeşlige ukyplylygyň möhüm hereketlendirijisine öwrülýän sanly bilimi hem yzygiderli ösdürmegi dowam etdirýäris. Gysga döwürde öňdebaryjy dünýä tejribeleriniň, täze bilimleriň okuw işine giňden ornaşdyrylmagy, döwrebap okuw kitaplarydyr gollanmalaryň taýýarlanylmagy, sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent, zähmetsöýer, watansöýüji nesilleriň kemala gelmegi biziň gazanýan iň uly üstünliklerimizdir.

Gadyrly dostlar!

Türkmenistan köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini hem-de sport medeniýetini ösdürmek bilen, sport äleminde uly abraýa eýe bolan ýurt hökmünde giňden tanalýar. Gysga döwürde giň gerimli sport özgertmelerini üstünlikli amala aşyryp, paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda döwrebap sport desgalaryny, iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen stadionlary, sport mekdeplerini, atçylyk-sport toplumlaryny, sport meýdançalaryny gurduk.

Köptaraplaýyn durnukly ösüşler Türkmenistany iri sport çärelerini ýokary derejede guramaga hem-de geçirmäge ukyply döwletleriň hataryna ynamly goşdy hem-de sport arkaly parahatçylygy rowaçlandyrmaga täze mümkinçilikleri açdy. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça köpçülikleýin welosipedli ýöriş we ylgaw ýaryşlary, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty biziň ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi. Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary sportuň, medeniýetiň, halkara hyzmatdaşlygyň üsti bilen parahatçylyk, dostluk hem-de ylalaşyk ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmeginiň özboluşly ädimine öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni hökmünde bellenilmegi biziň ählumumy ösüşiň, parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine gönükdirilen sport diplomatiýamyzy dabaralandyrdy.

Hormatly halkara ylmy maslahata
gatnaşyjylar!

Sizi «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň her biriňize berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, döredijilikli işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
16.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň senagat işgärlerine
15.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
15.10
Milli Liderimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
15.10
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygyna garamak üçin iberdi