23-nji oktýabrda Balkan welaýatynyň merkezinde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň täze binasynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabara boldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary S.Berdimuhamedow, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň, degişli düzümleriň, kärhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular, gurluşykçylar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.
Geçen hepdäniň wakalary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge, Garaşsyz Türkmenistany sazlaşykly ösdürmäge, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamalary boldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak we ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maliýe üpjünçiligini mundan beýläk-de gowulandyrmak, täze önümçilikleri, maýa goýum taslamalaryny we söwda şertnamalaryny öz wagtynda maliýeleşdirmegi amala aşyrmak hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek üçin, Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de Türkmenistanyň Býujet kodeksiniň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini maýa goýum hökmünde gönükdirmegiň Tertibi tassyklanyldy.
Döwlet hünär bilim edaralarynyň işini düzgünleşdirmek hem-de hünär biliminiň ýokary hilini üpjün etmek maksady bilen, şeýle hem “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Döwlet hünär-tehniki bilim edaralary hakyndaky Düzgünnama, Döwlet orta hünär bilimi edaralary hakyndaky Düzgünnama, Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak babatda alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň Aral deňzi sebitiniň durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, Aralyň ýaramaz täsirini peseltmek, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň nobatdaky on altynjy mejlisiniň we iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçiriljek syýasy geňeşmeleriň işine gatnaşmak üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2021-nji ýylyň 26 — 28-nji oktýabry aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn görnüşde “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň XX mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň degişli hünär ugurlarynyň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek baradaky meseleler girizildi.
Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm ähmiýetli halkara forumlarda eden çykyşlary Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň kuwwatynyň barha artýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.