Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Çap edildi 21.10.2021
2612

Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn görnüşde “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň XX mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň degişli hünär ugurlarynyň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek baradaky meseleler girizildi.

Türkmen tarapynyň wekilleriniň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyndan ybaratdyr. Şol hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda ep-esli işjeňleşdirildi. ÝB bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar hereket edýän hyzmatdaşlyk gurallarynyň, hususan-da, “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň, parlamentara gatnaşyklaryň, adam hukuklary boýunça gatnaşyklaryň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşme duşuşyklarynyň çäklerinde hem-de hyzmatdaşlygyň birnäçe meseleleri boýunça işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigi bellenildi. Özara gyzyklanma döredýän şol gatnaşyklaryň ugurlary köpdürlüdir.

Türkmenistandaky we ÝB-däki makroykdysady ýagdaýlar aýratyn gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylar bilelikdäki işiň netijelerini seljerip, pandemiýa garşy hereket etmek hem-de onuň ykdysadyýete ýaramaz täsirini ýeňip geçmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň wajypdygyny nygtadylar.

Gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda energetika, ulag ulgamlarynda we söwdada hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny kesgitlemek duşuşygyň aýratyn meselesi boldy. Şu maksat bilen taraplar tehnologiýa we maglumat serişdelerini alyşmak barada ylalaşdylar.

Sanlylaşdyrma baradaky meselelere aýratyn üns berildi. Munuň özi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän ösüşlere beslenen özgertmelerden hem-de ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak boýunça giň gerimli meýilnamalardan ugur alýar. Şol özgertmeler döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlarynyň işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.

***

Şu gün Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň söwda edaralarynyň, birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde türkmen-şweýsar işewürler forumy geçirildi. Bu çäre hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek hem-de iki dostlukly ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin täze çemeleşmeleri we çözgütleri işläp taýýarlamak maksady bilen guraldy.

Şweýsariýa tarapyndan foruma bu ýurduň nebitgaz, energetika, gurluşyk, binagärlik, maşyngurluşyk, demir ýol gurluşygy we kommunikasiýa ulgamlarynda ýöriteleşdirilen kompaniýalarynyň 40-a golaýynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady we maýa goýum babatynda amatly şertleriň döredilmegine ýardam edýän “Açyk gapylar” syýasatyna syn berildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň hatarynda ýurdumyzda nebitgaz, dokma senagaty, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, gurluşyk, ulag we logistika ulgamlarynda iş alyp barýan şweýsar kompaniýalary hem bar.

Türkmenistanda öndürilýän önümleriň Şweýsariýa eksport edilýän möçberlerini artdyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Foruma gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, bu duşuşyk iki ýurduň ykdysady hem-de telekeçilik işjeňligini giňeltmegiň ýollaryny seljermek, döwlet we işewürler düzümleriniň wekilleriniň arasynda söwda, maýa goýumlar hem-de ykdysady goşulyşmak üçin özara bähbitli şertler barada pikir alyşmak üçin netijeli çäre boldy.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow