13.06 2025

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Buý­ru­ga gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, hal­ka­ra yk­dy­sa­dy fo­ru­ma gat­naş­mak üçin Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry N.Ata­gu­ly­ýe­wiň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýe­t 2025-nji ýy­lyň 17 — 21-nji iýu­ny ara­ly­gyn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da gul­luk iş sa­pa­ryn­da bo­lar.

12.06 2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Ahmedabad şäherinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

12.06 2025

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna we ähli musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk dileýärin.

12.06 2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 14109-njy Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli, karar edýärin:

12.06 2025

Şu gün Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

12.06 2025

Şu gün Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli däp bolan “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady.


12.06 2025

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­nyň we Hö­kü­me­ti­niň adyn­dan, şeý­le hem hut öz adyn­dan Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­ne we Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy Mi­hail Mi­şus­ti­ne hem-de ýur­duň äh­li hal­ky­na Rus­si­ýa­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­lag­la­ry­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny iber­di.

12.06 2025

Si­zi Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da giň­den bel­le­nil­ýän aja­ýyp baý­ram — Ylym­lar gü­ni, şeý­le hem «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ylym, teh­ni­ka we in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­tyň öz işi­ne baş­la­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Biz äh­li ösüş­le­ri­mi­zi ylym bi­len aý­ryl­maz bag­la­nyş­dyr­ýa­rys. Şo­ňa gö­rä-de, Ylym­lar gü­ni my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­tyň alym­la­ryň yl­myň we teh­ni­ka­nyň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry ba­bat­da öza­ra tej­ri­be alyş­mak­la­ryn­da örän uly äh­mi­ýe­te eýe bol­jak­dy­gy­na ynan­ýa­ryn.

12.06 2025

Si­zi Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da ýaş­la­ryň ara­syn­da yl­my iş­ler bo­ýun­ça ge­çi­ri­len bäs­le­şik­de ga­za­nan uly üs­tün­lik­le­ri­ňiz bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn.

12.06 2025

Si­zi Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da giň­den bel­le­nil­ýän Ylym­lar gü­ni my­na­sy­bet­li türk­men hal­ky­nyň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň adyn­dan tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Si­ziň ja­ny­ňy­zyň sag, öm­rü­ňi­ziň uzak, mer­te­bä­ňi­ziň be­lent bol­ma­gy­ny, eziz Di­ýa­ry­myz­da yl­my ös­dür­mek we bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy tä­ze de­re­je­le­re çy­kar­mak ba­bat­da alyp bar­ýan iş­le­ri­ňi­ziň he­mi­şe üs­tün­lik­le­re bes­len­me­gi­ni ar­zuw ed­ýä­rin.

1415 sahypa
Soňky habarlar
02.12
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Pre­zi­den­ti­ni gut­la­dy
01.12
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
01.12
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda täze maldarçylyk toplumy işe girizildi
01.12
Türkmenistanda Kuweýt Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
01.12
Türkmenistanyň Prezidenti Tailandyň Patyşasyna gynanç bildirdi
01.12
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi