Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde, halklaryň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmekde, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň türkmen jemgyýetiniň synmaz ruhy sütünine öwrülen döredijiliginde beýan eden ynsanperwer garaýyşlaryny dünýäde wagyz etmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyny giňden belläp, uly üstünlikler bilen garşylaýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işleriň, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, milli däp-dessurlarymyzyň, gadymy gymmatlyklarymyzyň, özboluşly medeni mirasymyzyň ähmiýetini çeper şöhlelendirýän döwrebap, kämil eserleri döredendikleri, medeni-köpçülikleýin çärelerde, baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli çykyş edendikleri, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge goşant goşandyklary üçin we bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak boýunça toparyň towakganamasyny nazara alyp, şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Welaýatlarda medeni-durmuş we önümçilik maksatly täze, döwrebap desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär, bu ugurda uly möçberli gurluşyk işleri ýokary depginde dowam etdirilýär.
Şu gün paýtagtymyzyň «Maslahat köşgünde» türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär.
Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady.
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, göni maýa goýumlary çekmäge we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bu çäre ýurdumyzyň hem-de dünýäniň işewür jemgyýetçiligi üçin möhüm wakalaryň biri bolar.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda halkara tagallalaryň möhüm tapgyry hökmünde garaýar.
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.