Çäginden Beýik Ýüpek ýoly geçen Türkmenistany irki döwürlerde hem «Ýedi ýoluň çatrygy» diýip atlandyrypdyrlar. Bu gün bolsa Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlaryny birleşdirýän häzirki zaman halkara ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz sebitiň, tutuş dünýäniň abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak üçin ulag ulgamynda öz mümkinçiliklerini amala aşyrmaga çalyşýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty esasynda Türkmenistan ulagyň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny we infrastrukturasyny yzygiderli pugtalandyrýar hem-de döwrebaplaşdyrýar, halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgelerini döredýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylyň 10-njy aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu möhüm waka ýurdumyzyň ulag ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.
Aşgabat — Türkmenabat awtobany Diýarymyzdaky ulag taslamalarynyň iň irileriniň biridir. Onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder. Şeýlelikde, Türkmenistanda uzak aralyga ýükleriň çalt we arzan daşalmagyna mümkinçilik berjek täze ýokary tizlikli awtomobil ýoly kemala geldi. Bu ýol ýurdumyzyň logistika ulgamyny, işewürligi, döwletimiziň tutuş halkara gatnaşyklar ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bagly wezipeleri çözmekde uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýete eýedigini bellemek gerek.
Häzirki zaman şertlerinde ulag-kommunikasiýa pudagy ykdysadyýetiň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we sazlaşyklylygyna gönüden-göni täsir edýän esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden ulag meseleleriniň çözülmegine diňe bir milli ýa-da sebit derejesinde däl, eýsem, dünýä derejesinde üns berilmeli ugur hökmünde aýratyn ünsi çekýär. Baş Assambleýa Türkmenistanyň başlangyjy bilen ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen Kararnamalaryň birnäçesini kabul etdi. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)» atly Kararnamanyň kabul edilendigini nygtamak gerek. Bu resminama Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen syýasatynyň logiki dowamydyr.
Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde we durmuşa geçirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» aýratyn orun degişlidir. Türkmenistan ulag-aragatnaşyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine öz çemeleşmelerini kemala getirip, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa Beýik Ýüpek ýolunyň aýrylmaz hem-de wajyp bölegi hökmünde garalmagyndan ugur alýar. Birnäçe taryhy, geosyýasy, ykdysady ýagdaýlaryň täsiri bilen baglylykda, bu sebit diňe bir yklym derejesinde däl, eýsem, umumymilli işlerde hem möhüm orny eýeleýär.
Degişli üstaşyr ulag-kommunikasiýa ulgamlarynyň döredilmegi Merkezi Aziýanyň halkara gatnaşyklara üstünlikli goşulyşmagyna ýardam eder. Gürrüň Gara deňiz we Baltika sebitleriniň, Günorta, Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň deňiz terminallaryna çykmak arkaly Ýewraziýa yklymynyň giňişligini gurşap alýan ulag we üstaşyr gatnawyň ýaýbaňlandyrylan, toplumlaýyn utgaşykly düzüminiň gurluşygy barada barýar. Bu taslama Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary ýaly, kuwwatly ykdysady merkezlere çykmak bilen, Günorta we Gündogar ugurlarda ulag düzümine goşulmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar.
Ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine garalanda, Türkmenistan bu işlere Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň gatnaşmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyz Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Merkezi Aziýa üçin Türkiýä çykalgasy boljak modal ýoly döretmek başlangyjyny dolulygyna goldaýar we bu taslamanyň amala aşyrylmagyna ýakyndan goldaw bermäge taýýardygyny tassyklaýar. Şeýle hem BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasy ýaly guramalaryň çäklerinde Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesiniň gurluşygynyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak işi has-da işjeňleşdirildi. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyz TRACECA maksatnamasynyň işjeň hyzmatdaşy we gatnaşyjysy hökmünde çykyş etmäge taýýardyr. Merkezi Aziýadan Günbatara ulag geçelgesiniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek hem-de Ýewraziýanyň dünýä ykdysady polýuslarynyň ikisini hil taýdan täze derejede birleşdirmek ýaly maksada ýetmekde uly ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzyň gülläp ösmegini, türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler yzygiderli ilerledilýär. Döwlet Baştutanymyzyň 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nygtaýşy ýaly, “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda degişli işleri alyp barmak zerurdyr. Milli ykdysadyýetiň pudaklary, şol sanda ulag we aragatnaşyk pudagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasynda ösdürilýär. Ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny düýpli özgertmek hem-de ony dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň 11-nji iýulynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, onuň garamagyndaky degişli agentlikleriň binýadynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Aragatnaşyk ministrligi, Awtomobil ulaglary ministrligi, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy hem-de Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy döredildi.
Ösüşiň häzirki tapgyrynda ulag ulgamynyň pudaklarynda düýpli, düzümleýin we institusional özgertmeler amala aşyrylýar. Ulag pudagynyň işi üçin täze durmuş-ykdysady şertlere laýyk gelýän hukuk binýady döredilýär. Döwlet dolandyryşy, ykdysady işler kämilleşdirilip, ulag işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň bazar şertlerine laýyk gelýän ulgamy döredildi. Soňky ýyllarda ýol gurluşygyny ösdürmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini yzygiderli artdyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýol-ulag düzüminiň barha kämilleşdirilmegi, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak esasynda täze awtomobil ýollarynyň, köprüleriň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýylda-da ýurdumyzyň sebitlerini birleşdirýän ulag ýollaryny, goňşy ýurtlara uzaýan halkara ähmiýetli awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdiriler. Şunuň bilen bir hatarda, ýükleriň üstaşyr geçirilişiniň möçberiniň artdyrylmagy üçin ulagyň ähli görnüşleri arkaly ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmak, täze üstaşyr geçelgeleri ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Bu ugurda marketing işini işjeňleşdirmek, ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek meýilleşdirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň ýolgurluşyk pudagyny kämilleşdirmek, döwrebap awtomobil ýollaryny gurmak, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça öňdengörüjilikli başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy Aşgabat — Tejen (203 kilometr), Tejen — Mary (109 kilometr), Mary — Türkmenabat (288 kilometr) ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyryldy.
Mälim bolşy ýaly, bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry bolan Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda ulanmaga berildi. 2024-nji ýylyň aprelinde bolsa döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda awtobanyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. Awtobanyň birinji böleginiň degişli güwänamalara — awtomobil ýolunyň hiliniň ISO 9001 standartyna laýyklygy hem-de taslamany düzmek we gurluşyk boýunça işleriň halkara standartlara, hususan-da, “Ýol gurluşygyny taslamalaşdyrmak” we “Gurluşyk işleri” standartlaryna laýyk gelýändigini, ýoluň ýokary derejede howpsuzlygyny, gurluşygynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny tassyklaýan güwänamalara mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzda gurulýan awtomobil ýollarynyň bildirilýän esasy talaplara, öňdebaryjy tejribelere, täze tehnologiýalara esaslanýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Halkara derejeli bu ýol alty sany hereket zolagyndan ybarat bolup, tehniki taýdan dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýär. Ýoluň ugrunda ýolagçylardyr sürüjiler üçin ähli amatly şertler döredilip, söwda nokatlary, naharhanalar, myhmanhanalar, inženerçilik desgalary bina edildi, döwrebap elektron töleg terminallary, aragatnaşyk ulgamlary, wideogözegçilik enjamlary, tizlik ölçeýjiler gurnaldy. Bularyň ählisi awtoulag serişdeleriniň sanynyň artýandygyny nazara almak bilen, ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmaga hem-de ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmaga mümkinçilik berer. Awtobanlar tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň esasy aýratynlygy onuň diňe ýokary tizlikli hereket üçin niýetlenendiginden ybaratdyr. Şoňa görä-de, bu ýokary tizlikli ýol beýleki ýollar, şol sanda awtomobil ýollary ýa-da welosiped ýodajyklary bilen kesişmeýär.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça awtomobil ulagy pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan ulgamlaýyn işleriň çäklerinde ýurdumyzy goňşy döwletler bilen baglanyşdyrýan täze ýokary tizlikli awtomobil ýollary, köprüler gurlup ulanmaga berilýär. 2025-nji ýylyň noýabrynda döwlet Baştutanymyz umumy uzynlygy 207 kilometr bolan Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak we umumy uzynlygy 354 metr bolan Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Bu döwrebap köpri ýurdumyzyň içerki ýol-ulag ulgamyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda, halkara ulag geçelgelerini döretmek arkaly Türkmenbaşy hem-de Garabogaz şäherlerini Gazagystan bilen birleşdirer. Mundan başga-da, täze awtomobil köprüsi Merkezi Aziýanyň ygtybarly awtomobil ýol ulgamynyň bir bölegi bolup, Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Hindistanyň deňiz, demir ýol, awtomobil ulaglary arkaly daşaýjylar üçin Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna çykmakda ykdysady taýdan netijeli ugur bolup hyzmat eder.
Awtoulag parkynyň üstüniň sürüjiler üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen tehnikalar, awtoulaglaryň beýleki görnüşleri bilen yzygiderli ýetirilip durulmagy bilen, ýolgurluşyk işleriniň hiline, ähli tehniki düzgünleriň berjaý edilmegine we ulanmaga berlen awtomobil ýollarynyň halkara ülňülere doly laýyk gelmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Täze häzirki zaman ulag geçelgesi nženerçilik-tehniki we ulanyş ölçegleri boýunça köpri gurmagyň halkara kadalaryna doly laýyk gelýär. Köpriniň taslamasynda agram, ýük göterijilik, hereketiň tizligi nazara alnyp we örän berk gurnamalar peýdalanyp, ýokary seýsmiki durnuklylyk göz öňünde tutuldy. Köpriniň gurluşygynda ylmy-gözleg, geofiziki, geologik, inženerçilik-tehniki, gurluşyk-gurnama işleriniň uly toplumy berjaý edildi.
Ýewraziýa yklymynda ulag gatnawlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek pikiri iş ýüzünde amala aşyrylyp başlanýar. Oňa barha täze geografik giňişlikler, ykdysady we önümçilik merkezleri çekilýär. Munuň özi işjeňligiň ýokarlanmagyna, iri maýa goýumlaryň çekilmegine, köp sanly iş orunlarynyň döredilmegine ýardam eder.
Awtomobil gatnawlarynyň ýylsaýyn artmagy esasynda döwrebap, netijeli hereket edýän awtoulag ulgamynyň kemala getirilmegi okgunly özgerýän Aşgabat üçin wajyp wezipedir. Bu bolsa, öz gezeginde, şäheriň durmuş-ykdysady taýdan işjeňleşýändigine, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, şäheriçi awtobus ulgamynyň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny nygtamak zerur. 2025-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Yutong ZK6128HG» kysymly 700 sany awtobusy satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Yutong Bus Сo., Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar bermek hakynda Karara gol çekdi.
Häzirki wagtda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler hem häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şäheriň çäklerinde, oňa barýan ýollaryň ugurlarynda ýerine ýetirilýän işler şähergurluşyk maksatnamasynyň esasynda alnyp barylýar. 27-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalar, aýratyn-da, döwrebaplaşdyrylan şaýol, köprüler, ýol-ulag düzümine degişli desgalar bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gahryman Arkadagymyz Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köprini synlady. Häzirki döwürde Arkadag şäheriniň çäklerinde ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygyna, olaryň oňaýlylyk, uzak möhletleýinlik derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Desgalaryň bezeg işlerine, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär. Milli Liderimiz bu köpriniň “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda bina edilýändigini belläp, halkymyzyň köpri gurmagy, ýol çekmegi, bina galdyrmagy sogap iş hasaplaýandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan ministrligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 27-nji fewralynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde awtomobil ulagy pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin milli kanunçylygy halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda awtomobil ulagy pudagyny ösdürmekde, ulag howpsuzlygyny üpjün etmekde kanunçylyk işiniň halkara kadalar esasynda kämilleşdirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz halkara ulag gatnawlarynda sürüjileriň iş we dynç alyş düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi kämilleşdirmek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Täze taryhy eýýamda Türkmenistanda döwrebap ulag ulgamynyň kemala getirilmegine uly ähmiýet berilýär. Pudaga uly möçberdäki maýa goýumlaryň gönükdirilmegi, bu ugra degişli iri taslamalara halkara maliýe institutlarynyň çekilmegi munuň şeýledigini aýdyň subut edýär. Çünki ýollar islendik döwürde hem şäherleri we obalary özgertmek, bereketli topragy özleşdirmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak üçin zerur bolan durmuş-ykdysady şertleriň döredilmeginde möhüm wezipäni ýerine ýetiripdir. Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan ulag ulgamyndaky iri taslamalar ýurdumyzyň täze taryhyna ýazylýar we Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek bilen bagly ýörelgede öz beýanyny tapýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bu taryhy ýoluň ýüregi hasaplanýar.