14.01 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


14.01 2022

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady we syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we iş duşuşyklaryny hem-de gepleşikleri geçirmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

14.01 2022

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Gazagystan Respublikasynyň Ekologiýa, geologiýa we tebigy serişdeler ministrliginiň Tokaý hojalygy we haýwanat dünýäsi komitetiniň, Özbegistan Respublikasynyň Ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça döwlet komitetiniň arasynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlenýän “Aram guşaklykdaky Turan çölleri” transmilli desgalary dolandyrmak we goramak babatda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama Türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.

14.01 2022

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Suw kodeksine laýyklykda, ýurdumyzyň suw serişdelerini aýawly hem-de netijeli peýdalanmak maksady bilen, 2022-nji ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberleri tassyklanyldy.

14.01 2022

“Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasyndaky şu halkara resminamalar:


14.01 2022

“Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” we “Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, döwletimiziň ulag pudagynyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmak, bu ugurda döwlet meýilleşdiriş ulgamyny, bitewi milli ulag syýasatyny we kanunçylygyny kämilleşdirmek we durmuşa geçirmek boýunça giň strategik maksatlaryň we çäreler toplumynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

14.01 2022

2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek ХХХIII Tomusky Olimpiýa we ХVII Tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine:


14.01 2022

“Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny” hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply derman serişdeleriniň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

14.01 2022

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe welaýatlarda ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmek arkaly pagtanyň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine:

14.01 2022

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda, oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak hem-de ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

1472 sahypa
Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi