Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwa, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Hana, şeýle hem ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudese we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Kuba Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Ministrler Kabinetiniň 10-njy martda geçirilen mejlisinde tassyklanan tertipnama laýyklykda, 23-nji martda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine girişdiler.
Katar Döwletiniň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň günorta sebitinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Merkezi Aziýadan Balkan ýurtlaryna çenli ruhubelentlik ýagdaýynda bellenilýän baharyň buşlukçysy Nowruz biziň umumy gymmatlyklarymyzyň we däp-dessurlarymyzyň dowamatlylygyny alamatlandyrýar.
Geçen hepdäniň wakalary ata Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan demokratik özgertmeler ýörelgelerine ygrarly, ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýän, netijeli hyzmatdaşlyga hem-de özara medeni gatnaşyklara açyk ýurt hökmünde kabul edilýändigini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.
Şu gün halkymyz Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen dabaralandyrdy.