15.04 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Mälikguly Berdimuhamet oglunyň belli gününiň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda agzaçar sadakasyny berdiler.

14.04 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda toý saparynda bolmagynyň barşynda bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň günbatar welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda, şeýle-de degişli hasabatlar diňlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

14.04 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady.

13.04 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy.

13.04 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

13.04 2022

Size Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin hem-de fransuz halkynyň dosty bolan türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

13.04 2022

Şu gün Mary etrabynda täze önümçilik desgasy — ýyllyk kuwwatlylygy 3 müň tonna tehniki uglerod öndürmäge niýetlenen zawod açylyp ulanmaga berildi.

12.04 2022

Şu gün paýtagtymyzda iri guramanyň — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan serginiň we maslahatyň açylyş dabarasy boldy.

12.04 2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Mian Muhammad Şahbaz Şarife Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

12.04 2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, tälimçi-kosmonawt-synagçy Oleg Kononenka hünär baýramy — Kosmonawtika güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

1471 sahypa
Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi