«Hatyra» kitabynyň üçünji jildiniň täze neşiri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda we ýaralanmak zerarly hassahanalarda wepat bolan, şeýle-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar.
Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyz boýunça uçuşy amala aşyryp, alnyp barylýan işler hem-de Aşgabadyň durmuş düzümini mundan beýläk-de toplumlaýyn kämilleşdirmegiň taslamalary bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskä we ýurduň ähli halkyna Ukrainanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Möhüm şanly senä — Türkmenistanyň BMG-de agzalygynyň 30 ýyllygyna gabat gelýän Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň işiniň esasy ugry ählumumy derejede pugta we uzak möhletleýin parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekden hem-de goramakdan ybarat bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň Gaziantep we Mardin welaýatlarynda bolup geçen ýol-ulag heläkçilikleriniň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk oblastynda bolup geçen ýol-ulag heläkçiliginiň netijesinde Gyrgyz Respublikasynyň köp sanly raýatynyň aradan çykandygy zerarly gynanç hatyny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistanyň ykdysadyýeti durnukly we depginli ösýär. Bu bolsa ýokary maýa goýum işjeňligi, içeri we daşarky islegiň artmagy, telekeçiligiň ösdürilmegi, ilatyň girdejilerini artdyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler bilen baglanyşyklydyr.
Şu gün Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň mejlisler zalynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata we onuň çäklerinde guralan çärelere bagyşlanyp, “Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri” atly mediaforum geçirildi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna ygrarly bolmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletara derejede hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär.