Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi.
Şu gün paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde” atly halkara maslahat geçirildi.
Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz sebitdäki işleriň ýagdaýy, bejergi alýan çagalaryň saglygyny berkitmek ugrunda welaýatyň çagalar hassahanasynda alnyp barylýan işler, täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynda ilatyň amatly ýaşamagy we dynç almagy üçin döredilen şertler bilen tanyşdy, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplarydyr mugallymlary bilen duşuşdy, Mary şäherindäki Gurbanguly hajy metjidine baryp gördi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginde özleriniň zehinlerini görkezip, tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, aşakdaky sanawdaky bäsleşige gatnaşyjylar ýeňijiler diýlip yglan edildi, olara degişli diplomlar we noutbuk kompýuterleri gowşuryldy:
Şu gün Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli zehinli çagalaryň arasynda geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti boldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp hem-de Pakistan Yslam Respublikasynda bolup geçýän tebigy betbagtçylyklaryň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we uly möçberli weýrançylyklara getirendigini göz öňünde tutup, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda dostlukly pakistan halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, harytlary, azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Pakistan Yslam Respublikasyna muzdsuz bermäge borçly edildi.
Naýthart Hýofer-Wissingiň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi hökmünde işi tamamlanandan soňra, bu wezipä Mihael Uwe Birhoffy bellemek kararyna geldim. Mihael Uwe Birhoffyň şahsy häsiýetleri onuň öz üstüne ýüklenen jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynam döredýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
2-nji sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.