Baş sahypa
\
Resmi
\
Zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Resmi
Zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Çap edildi 03.09.2022
1173

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginde özleriniň zehinlerini görkezip, tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, aşakdaky sanawdaky bäsleşige gatnaşyjylar ýeňijiler diýlip yglan edildi, olara degişli diplomlar we noutbuk kompýuterleri gowşuryldy:

— Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Ýyldyz Şatlykowna Amannepesowa;

— Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Meret Amangeldiýewiç Hydyrow;

— Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Döwletgeldi Gurbanowiç Orazdurdyýew;

— Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 77-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Kemal Pirjanowiç Durdymädow;

— Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki takyk we tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Omar Şöhradowiç Bazarow;

— Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki 9-njy orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Çynar Wepaýewna Wepaýewa.

Zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Soňky habarlar
27.11
«Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylara
27.11
Türkmen-koreý gatnaşyklaryny ilerletmegiň ýoly bilen
27.11
Ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk
25.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.11
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
24.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi