Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalaryny hem-de birleşigiň işine işjeň gatnaşýan beýleki adamlary höweslendirmek we sylaglamak maksady bilen, karar edýärin:
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň kämilleşmegine goşan saldamly goşandyny, türkmen halkynyň milli medeniýetini, sungatyny, halk döredijiligini, edebiýatyny, taryhyny öwrenmekde hem-de dünýäniň beýleki halklaryna elýeterli etmekde, dünýä türkmenleri bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatyny, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini dünýäde wagyz etmekde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli karar edýärin:
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy.
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy, şeýle-de bu beýik baýrama bagyşlanan şanly waka — Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
“Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyrygyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň ekerançylary pagta ýygymyna girişdiler.
Watansöýüji, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn hem-de terbiýeli ýaş nesilleri kemala getirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan anyk kesgitlenen Türkmenistanyň ösüşiniň strategik wezipeleriniň biridir.
Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara jemgyýetçilik bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, berkarar Watanymyzyň täze eýýamynyň beýik taglymlaryny dabaralandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasaty aýdyň beýanyny tapdy.
Şu gün ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Ermenistanyň Türkmenistana gelen wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi.
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde ilkinji gezek geçirilýän “Çalsana, bagşy!” döredijilik gözden geçirilişiniň jemleýji tapgyry boldy.