Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara jemgyýetçilik bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, berkarar Watanymyzyň täze eýýamynyň beýik taglymlaryny dabaralandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasaty aýdyň beýanyny tapdy.
5-nji sentýabrda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk guralmalydygyna ünsi çekip, degişli işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Şunda ekerançylaryň ýokary hilli tohumlar we mineral dökünler, oba hojalyk tehnikasy bilen üpjün edilmegi häzirki günüň möhüm talaby bolup durýar.
Pagta ýygymyny bellenen möhletlerde we talabalaýyk geçirmek, kabul ediş harmanhanalarynyň, möwsümde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlyk meselelerine hem aýratyn ähmiýet berilmelidir. Şunuň bilen birlikde, güýzlük ýeralma, şaly, gant şugundyry we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmegiň, ýetişdirilen hasyly tiz we ýitgisiz ýygnap almagy guramagyň zerurdygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz sentýabr aýynda giňden bellenilýän şanly seneler mynasybetli geçiriljek dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.
5-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi. Duşuşykda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň hem-de energetika, ulag-kommunikasiýa, infrastruktura düzümleri, ynsanperwer ulgam ýaly strategik ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şeýle-de bu guramanyň düzüminde döredilýän Türki maýa goýum gaznasyny hasaba almak bilen, hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler açylýar.
Duşuşygyň dowamynda Bagdad Amreýew Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň guramanyň geçen ýyl geçirilen sammitine gatnaşmagynyň we onda netijeli başlangyçlary öňe sürmeginiň guramanyň işiniň öňe ilerlemegine oňyn täsirini ýetirendigini aýratyn nygtady. Geçen sammitde Türkmenistanyň bu düzüme synçy hökmünde girmegi baradaky çözgüdiň kabul edilmeginiň taryhy ähmiýetli waka bolandygy bellenildi.
7-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueýi kabul etdi. Söhbetdeşler häzirki döwürde döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini, 30 ýylyň dowamyndaky bilelikdäki işleriň netijesinde ägirt uly tejribe toplanandygyny kanagatlanma bilen belläp, syýasy ugurdaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini nygtadylar. Döwlet Baştutanymyz we myhman hyzmatdaşlygyň iki ýurduň ýolbaşçylarynyň hoşniýetli syýasy erki esasynda ösdürilýändigini we ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” hyzmatdaşlygynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýandygyna ünsi çekdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi barada aýdyp, häzirki döwürde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi. Öňde goýlan meýilnamalary durmuşa geçirmekde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetine uly işler ynanyldy. Ýangyç-energetika toplumy, ulag we aragatnaşyk ulgamy, himiýa, dokma senagaty, ýokary tehnologiýalar ulgamlary, maýa goýum işi we başga-da birnäçe pudaklar bar bolan mümkinçilikleri nazara alnyp, möhüm ugurlar hökmünde kesgitlenildi.
8-nji sentýabrda Ak bugdaý etrabynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, ýakyn geljek üçin möhüm wezipeler, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýurdumyzyň goranmak ukybynyň pugtalandyrylyşy, işgärler kuwwatynyň berkidilişi, öňdebaryjy tejribäniň, döwrebap iş usullarynyň hem-de sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy, harby gullukçylaryň gullugy, ýaşaýyş-durmuşy üçin göwnejaý şertleriň döredilişi barada hasabat berdiler. Şeýle-de hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler, şanly sene — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy “Prokurorlary wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak hakynda” Karara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýandygyny belledi. Parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanyp kabul edilen Türkmenistanyň Harby doktrinasy goranyş häsiýetine eýedir. Bu doktrinanyň talaplaryna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümi mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdiriler, döwletimiziň goranmak ukyby has-da berkidiler. Harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, serkerdeleriň netijeli gulluk etmegi üçin giň mümkinçilikleri döretmek boýunça hem uly işleriň durmuşa geçirilmeginiň dowam etdiriljekdigine aýratyn üns çekildi.
Şol gün döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde gurluşygy alnyp barylýan täze atçylyk toplumyna bardy.
Bu toplumyň çäklerinde esger ýatakhanasy, açyk manež, bedewler we taýlar üçin athanalar, weterinariýa binasy, ot-iým ammarlary, bassyrmalar, atlar üçin türgenleşik, gezim meýdançalary, çapuw ýodasy, karantin binasy, suw howdanlary, ýörite tehnikalar üçin desga, barlag-goýberiş nokady we beýleki degişli desgalar bar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, atçylyk toplumynyň we beýleki desgalaryň gurluşygynda dünýä tejribesinde giňden ulanylýan inženerçilik-tehniki çözgütleriň milli binagärlik ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmalydygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ýerde dünýäde uly şöhrat gazanan ahalteke bedewleriniň saklanylmagy, olaryň baş sanynyň artdyrylmagy, seýisçilik sungatynyň ösdürilmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmelidigini belledi. Şunda toplumy öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyrmak, onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri ekologik talaplary nazara almak arkaly amala aşyrylmalydyr.
9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Habar berlişi ýaly, hasabat döwründe milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri jemi içerki önümiň durnukly ösüşine şaýatlyk edýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn netijeler gazanyldy. Ýanwar — awgust aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygy, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 38,6 göterim ýokarlandy. Sekiz aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 106,3 göterim we çykdajy bölegi 97,5 göterim ýerine ýetirildi. Býujetiň serişdeleriniň 80,9 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 7,5 göterim artdy. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitläp, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak üçin zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady. 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini, geljek ýylyň maýa goýum Maksatnamasyny bellenen möhletde taýýarlamak zerurdyr hem-de nebitgaz, himiýa, dokma we gurluşyk senagaty pudaklarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny, girdejilerini artdyrmak boýunça degişli seljerme işleri geçirilmelidir. Döwlet Baştutanymyz täze önümçilikleri döretmek arkaly maýa goýumlaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň artdyrylmagyna gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň depginleriniň çaltlandyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Birža söwdalarynyň geçirilmegi netijesinde, pagta ýüplügini hem-de matalary ýerlemekden gelýän girdejileriň möçberini artdyrmak, taýýar tikin önümleriniň önümçiligini giňeltmek, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine sanly ulgamy ornaşdyryp, hasaba alynýan şertnamalary seljermek şeýle-de olaryň taslamalaryny tassyklamak maksady bilen, elektron resminama dolanyşygyny ýola goýmak gerek.
Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow haly we haly önümleriniň elektron söwdalaryny guramagy, buýurmalary resminamalaşdyrmak, bu önümleriň taýýarlanylyşyny, ýerlenilişini sanlylaşdyrmak işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy. Söwda-senagat edarasy ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport möçberlerini artdyrmak boýunça usulyýet kömegini güýçlendirmelidir hem-de hususy önüm öndürijilere täze bazarlary, önümleri ýerlemegiň usullaryny gözlemekde ýardam bermelidir. Ýurdumyzyň senagat pudagynyň, himiýa kärhanalarynyň kuwwatlyklarynyň netijeli peýdalanylmagynyň möhümdigi bellenildi. Täze önümçilik kärhanalarynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak bilen bir hatarda, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berer.
Energetika ministrliginiň we «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň işini döwrüň talabyna laýyk guramak, önümçilige täzeçil tehnologiýalary, dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidir. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyna berlen «Türkmenturba» zawodyny netijeli dolandyrmak we onuň öndürýän önümleriniň möçberlerini artdyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.
Şu ýyl gurluşygy tamamlanmaly hem-de ulanmaga berilmeli iri binalaryňdyr desgalaryň, hususan-da, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň 1-nji tapgyrynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli gurlup, açylyşa taýýar edilmegi bilen baglanyşykly meseleler berk gözegçilikde saklanmalydyr. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň işini talabalaýyk guramak, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli täze awtomobil ýolunyň gurluşygyny tizleşdirmek zerurdyr.
Ýurdumyzda goşmaça suw gorlaryny döretmek üçin howdanlaryň göwrümini giňeltmek boýunça zerur işleriň geçirilmegi dowam etdirilmelidir, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyryp, şor suw akabalaryny wagtynda we talabalaýyk arassalap durmak, suwaryş akabalarynda suw ölçeýji enjamlary, ekerançylyk meýdanlarynda suw tygşytlaýjy gurallary gurnamak boýunça teklipleri taýýarlamak wajypdyr.
Ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, döwlet we hususy düzümler tarapyndan azyk senagaty boýunça täze önümçilikler döredilmelidir. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýer kadastrynyň sanly binýadyny döretmek işlerini çaltlandyrmagy, oba hojalyk maksatly ýerlerden peýdalanmaga isleg bildirýän taraplara ýerleri çalt we ýönekeý tertipde resmileşdirmegiň netijeli ulgamyny ýola goýmagy tabşyrdy.
Bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda işleri döwrüň talabyna laýyklykda guramak babatda anyk tabşyryklar berildi. Ýaş türkmenistanlylaryň mümkinçiliklerini amala aşyrmaklary, şahsyýet hökmünde başarnyklaryny görkezmekleri üçin ähli şertler döredilmelidir. Ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek üçin netijeli işleri geçirmek zerurdyr. Sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamagy dowam etdirmek wajypdyr.
Döwlet Baştutanymyz raýatlara dürli kesellere garşy döwlet tarapyndan muzdsuz berilýän derman serişdeleriniň ýokary hilli bolmagyny hem-de öz wagtynda üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Ýurdumyzda öndürilýän derman serişdeleriniň, sanjym we beýleki saglygy goraýyş maksatly önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyna üns çekildi.
Ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi. Hususan-da, awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatda ara alnyp maslahatlaşylan hyzmatdaşlygyň ugurlaryny durmuşa geçirmek boýunça zerur işleri ýerine ýetirmek, halkara howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça teklipleri taýýarlamak barada aýdyldy.
Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere, ýylyň ahyryna çenli geçiriljek halkara ähmiýetli iri çärelere, şol sanda döwlet Baştutanlarynyň saparlaryna, maslahatlara, Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda degişli tabşyryklar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň ýurdumyzyň depginli ösmegini dowam etdirýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejede saklanýar. Berkarar Watanymyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda täze şäherçeleri, ýaşaýyş jaýlaryny, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini, mekdepleri, çagalar baglaryny, ençeme beýleki desgalary görkezmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi dowam etdirmegiň, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň sanawyny we eksport edilýän ugurlaryny giňeltmegiň wajypdygy nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda her ýyla mynasyp at dakmagyň asylly däbe öwrülendigini belledi hem-de degişli düzümlere 2023-nji ýyly mynasyp atlandyrmak boýunça ýurdumyzyň dürli künjeklerinden, jemgyýetçilik guramalaryndan, raýatlarymyzdan we ýaşlardan gelip gowuşýan teklipleri öwrenmegi tabşyrdy.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz Karara gol çekip, “Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady.
10-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz gurluşyk işleriniň barşy, desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, binalaryň taslamalary, Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine degişli çagalaryň saglyklaryny dikeltmekleri üçin niýetlenen binada ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Ahal welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda Hökümetiň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy bilen bagly meseleler hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň ahyrynda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklamagyň ähmiýetini nygtap, alnyp barylýan işleriň ýokary hiliniň hem-de bu desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň üpjün edilmegini talap etdi.
Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň meseleleri hakynda”, “Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň meseleleri hakynda”, şeýle-de “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimliginiň meseleleri hakynda” Kararlara gol çekdi. Bu resminamalaryň kabul edilmegi täze welaýat merkezini gurmak işleriniň depginini tizleşdirmäge ýardam eder, şeýle-de şäher häkimliginiň işini düzgünleşdirer.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli geçirilen “Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde” atly halkara maslahat geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň hatarynda boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan syýasaty beýan edýän giňişleýin maglumatlar maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Halkara bileleşik bilen döwrüň ähli möhüm meseleleri boýunça özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk şol syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Daşary ýurtlaryň iri habarlar agentlikleriniň, meşhur elektron neşirleriniň, tele we radio kompaniýalarynyň, abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri öz wideoçykyşlarynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginde hem-de halkara maglumatlar giňişliginde günsaýyn artýan möhüm orny barada garaýyşlaryny beýan etdiler.
Bellenilişi ýaly, gysga wagtyň içinde amala aşyrylan düýpli özgertmeler Türkmenistanyň keşbini tanalmaz derejede özgertdi. Munuň özi diňe bir ýurduň saýlap alan ösüş ýolunda ynamlydygyny görkezmän, eýsem, Watanymyzyň häzirki döwrüne we geljegine bolan jogapkärçiligine hemmetaraplaýyn göz ýetirýän halkymyzyň bu ugry dolulygyna goldaýandygyna hem şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk çäresi — pagta ýygym möwsümi başlandy. 7-nji sentýabrda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda pagta ýygymyna girişildi. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, Daşoguz welaýatynda ýygyma 14-nji sentýabrda başlanýar.
Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oýlanyşykly ykdysady strategiýasynyň hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň baş maksada — halkymyzyň döredijilik kuwwaty esasynda Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilendigini nobatdaky gezek aýdyň subut etdi.