Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurduň Peşewar şäherindäki metjitde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.
Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Siz döwlet işiňizde Türkmenistanyň halkynyň goldawyna we belent hormatyna eýe bolan parasatly syýasatçy, güýçli ýolbaşçy hökmünde tanaldyňyz. Ýurduň syýasy, durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, onuň dünýädäki abraýynyň pugtalandyrylmagyna goşan goşandyňyz hem bimöçberdir.
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe diňe bir milli ykdysadyýetimizde däl, eýsem, döwlet gurluşynda, jemgyýetçilik durmuşynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygynyň, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de ösüşini üpjün etmäge, halkymyzyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Belgiýanyň Patyşasy Filippe hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Belgiýa Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Täze ýyl mynasybetli bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!
Siziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Mähri Hojamgulyýewna Bäşimowa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow RF-niň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Miloş Zemana hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Çehiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.