Musamyrat Söýünberdiýewiç Söýünowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
“Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
“Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
Polkownik Gurbanmyrat Kakamyradowiç Annaýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşatmaly.
Polkownik Nazar Muhammetmyradowiç Atagaraýewi Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.
Polkownik Batyr Seýtgeldiýewiç Wolsahatowy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine bellemeli.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Ranil Wikremesinghe mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň!
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlenildi, resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine bugdaý ýygýan kombaýnlar, sürüm we bejergi traktorlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, tigirleri, çalgy ýaglaryny, sarp ediş serişdelerini satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.