Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Syýasat habarlary
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 03.02.2023
616

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň!

Siz köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň we Garaşsyzlygynyň esaslaryny pugtalandyrmagyň, ýurduňyzy durmuşyň ähli ulgamlaryndaky ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýarsyňyz. Siziň ýolbaşçylygyňyzda doganlyk Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk daşary syýasatyna eýerip, özüniň halkara abraýyny has-da belende galdyrmakda uly üstünlikleri gazandy.

Şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine goşan saldamly goşandyňyzy bellemek isleýärin. Köpasyrlyk umumy taryha esaslanýan täjik-türkmen gatnaşyklarynyň ilerledilmegine mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdygyňyza umyt edýärin.

Gadyrly dostum we doganym, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, jogapkärli wezipäňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gyrgyzystanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz we türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz bilen gutlamaga rugsat ediň!

2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde Siziň türkmen halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryňyz hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň, halkyň agzybirliginiň pugtalandyrylmagyna, ýurduňyzyň durnukly ösüşi üçin berk binýadyň döredilmegine goşan bimöçber goşandyňyz ykrar edildi.

Gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň däp bolan köpasyrlyk dostluk, hyzmatdaşlyk, şeýle hem iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän özara goldaw bermek ýörelgeleri bilen häsiýetlenýändigini uly kanagatlanma bilen belleýärin. Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary giňeltmek, özara bähbitli, strategik hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek ugrunda mundan beýläk-de tagallalarymyzy dowam etdirjekdigimize berk ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Sadyr ŽAPAROW,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Gahryman Arkadagymyz!

Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz türkmen halkynyň öz ykbalyny Sizden üzňe göz öňüne getirmeýändiginiň, Size bolan çäksiz sarpasynyň aýdyň nyşanydyr.

Owganystana berýän yzygiderli hemaýat-goldawlaryňyz we ynsanperwer kömekleriňiz üçin Size hem-de Arkadagly Serdarymyza sagbolsun aýdýarys. Biz ata Watanymyz Türkmenistanda bolup geçýän özgertmeleri, täzelikleri uly buýsanç bilen kabul edýäris hem-de ýetilen sepgitlere tüýs ýürekden guwanýarys.

Çuňňur hormatlanylýan Gahryman Arkadagymyz, Size uzak ömür, berk jan saglyk, alyp barýan taryhy ähmiýetli tutumly işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýäris!

Amanullah HAKÝAR,
Owganystan türkmenleriniň Yslam raýdaşlyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
23.04
Aşgabat-Pariž: ynsanperwer hyzmatdaşlyk – ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow