Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 03.02.2023
707

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlenildi, resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa parlamentiň şu ýylyň ýanwarynda ýerine ýetiren işleri hem-de Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, Mejlisde 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp baryldy. Şu döwürde Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň üçüsi we Mejlisiň kararlarynyň ikisi kabul edildi. Ýakynda geçirilen ählihalk forumynda kabul edilen “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunlaryndan gelip çykýan, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Mejlisde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda kanun çykaryjylyk ulgamynda özara tejribe alyşmagyň hem-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň deputatlary Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodiniň çykyşyny diňlediler.

Türkmen parlamentiniň wekilleri abraýly halkara guramalaryň, esasan-da, BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde milli kanunçylygy kämilleşdirmek, ekologiýa we daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly meseleler boýunça geçiren maslahatlaryna gatnaşdylar. Hasabat döwründe Mejlisiň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynda, Türkiýe Respublikasynda, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda iş saparlarynda boldular.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda berlen tabşyryklara laýyklykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Saýlaw kodeksiniň kadalary esasynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar, häkimlikler we syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan bilelikde bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäresine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şu maksat bilen, ýerlerde saýlaw kanunçylygyny we onuň syýasy ähmiýetini düşündirmek boýunça işler ýaýbaňlandyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maglumaty diňläp, ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki ýagdaýlaryny hem-de döwletimiziň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň örän wajypdygyny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň birinji aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy. Ýanwar aýynda öndürilen önümleriň derejesi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 5,8 göterim köpeldi. Ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda oňyn netijeler gazanyldy. Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi ,2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar aýynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 115,7 göterim, çykdajy böleginiňki bolsa 97,4 göterim berjaý edildi.

Iri we orta kärhanalar boýunça ortaça aýlyk haky, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10 göterim köpeldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylan işleriň netijeleri boýunça görkezijiler barada aýdyldy. Hasabat döwründe durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, düzümleýin we inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2023-nji ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli çözmek üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly derejede saklamagyň, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň depginli ösmegini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşy, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebitiň gaýtadan işlenilişi, benziniň, dizel ýangyjynyň, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi, “mawy ýangyjyň” eksporty barada aýdyldy. Wise-premýer geçen aýda polipropileni öndürmegiň meýilnamasynyň 109,2 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasynyň 114,3 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasynyň 101,9 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýyl tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny düýpli artdyrmak, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny, önümçilik desgalaryny işjeň ýagdaýda saklamak boýunça toplumlaýyn çäreleriň geçirilmelidigini belledi. Önüm berijiligi peselen guýulary abatlamak, geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, tutuş obasenagat toplumy boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgini 105,1 göterime deň boldy. Şunda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 105,4 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 101,7 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,9 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 195,1 göterim ýerine ýetirildi.

Oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmeginiň, olaryň zerur bolan ätiýaçlyk şaýlary we beýleki serişdeler bilen üpjün edilmeginiň ekinlere ideg etmek bilen baglanyşykly agrotehniki çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine ýardam edýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garagum derýasynyň durkuny täzelemek we kenaryny berkitmek işlerine girişmek üçin taýýarlyk görüp başlamagyň, bu ugurda edilmeli işleriň taslamasyny taýýarlamagyň, ony amala aşyrjak potratçyny gözlemegiň zerurdygyny belledi. Şonuň ýaly-da, suw hojalygynyň ýagdaýyny seljerip, derýalary we akabalary hem gözden geçirip, zerur bolsa, olarda arassalaýyş, düýbüni çuňaltmak işlerini geçirmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi sekdi. Şeýle hem Hazar deňziniň suwuny süýjediji desgalary gurmak boýunça iri maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmegi, döwrebap läbik sorujylary we ýörite tehnikalary satyn almak boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Mary welaýatynda iş saparynda bolýan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gurluşyk, senagat we energetika toplumlarynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi.

Şu ýylyň birinji aýynda gurluşyk-senagat toplumy tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 120,4 göterim boldy. Hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 111,3 göterim berjaý edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 118,2 göterim boldy. Ýanwar aýynyň deslapky jemleri boýunça Energetika ministrligi önüm öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň we hyzmatlaryň meýilnamasyny 113,7 göterim berjaý etdi.

Ýylyň başyndan bäri “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 131,2 göterim berjaý edildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasyna 101 göterim amal edildi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 116,4 göterim üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk-senagat toplumynyň kärhanalarynyň bökdençsiz işlemegini gazanmak, himiýa kärhanalaryny doly kuwwatyna çykarmak, ilaty we kärhanalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem täze awtomobil ýollaryny gurmak we hereket edýänleriniň durkuny täzelemek boýunça netijeli işleri dowam etdirmek babatda degişli tabşyryklar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän söwda we dokma toplumlarynyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, telekeçilik ulgamy tarapyndan 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 107,2 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini bolsa 108,6 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 107,7 göterime, nah matalaryňky 111,8 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň önümçiligi 102,2 göterime, gön önümleriniň önümçiligi bolsa 117,9 göterime deň boldy. Şu ýylyň başyndan bäri “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 101,5 göterim berjaý edildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar aýynda birža söwdalarynyň 25-si geçirilip, 2 müň 460 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 155,8 göterime deň boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň ýanwar aýynda oba hojalyk we azyk harytlarynyň önümçiliginiň ösüş depgini 114 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini bolsa 106 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda halkyň gündelik sarp edýän önümleriniň, azyk harytlarynyň üpjünçiligini durnukly ýagdaýda saklamagyň, ilaty azyk harytlary bilen kadaly üpjün etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz dokma kärhanalarynyň netijeli işlemegini gazanmagyň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, çeper höwesjeň kollektiwlerine “Halk” adyny bermegiň tertibini we şertlerini tassyklamak hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, dürli maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, mediaforumlar, sergiler, wagyz-nesihat duşuşyklary, aýdym-sazly çäreler geçirildi. Ilatyň arasynda ýylyň şygarynyň we nyşanynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde kabul edilen çözgütleriň we Kararlaryň many-mazmunyny, ähmiýetini düşündirmek üçin dabaraly maslahatlar guraldy.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesiniň berilmegine hem-de onuň “Arkadag şäheri” diýlip atlandyrylmagyna bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde dürli çäreler guraldy. 2 — 12-nji ýanwar aralygynda Rus kinosynyň hepdeligi geçirildi. Döwlet sirkinde Moskwanyň Uly döwlet sirkiniň artistleriniň çykyşlary guraldy.

Köptaraplaýyn we milli hödürnamalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça hem Daşary işler ministrligi bilen bilelikde işler alnyp baryldy. Hormatly Prezidentimiziň HHR-e döwlet saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Döwlet habarlar agentligi bilen Hytaýyň degişli edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Hasabat döwründe döwletimizde gazanylýan üstünlikler baradaky maglumatlar metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda we internet saýtlarynda giňden beýan edildi. Döwlet maksatnamalaryndan, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli işler alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Tele we radiogepleşikleriň hilini ýokarlandyrmak, taryhy-medeni ähmiýetli ýadygärlikleri aýawly saklamak boýunça işleri yzygiderli alyp barmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow höwesjeň toparlaryň derejesini ýokarlandyrmakda we olaryň döredijilik taýdan mundan beýläk-de ösmeginde “Halk” adyny bermegiň ähmiýetini nygtap, degişli Karara gol çekdi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow şu ýylyň ýanwar aýynda bilim, ylym, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyna okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak, okuw kitaplaryny we gollanmalary neşir etmek, bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Mekdep okuwçylary halkara ders we internet bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, 9 altyn, 5 kümüş, 3 bürünç medalyny gazandylar.

2022-2023-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň ilkinji okuw sapagy “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçirildi. Gyşky dynç alyş möwsümi ýörite meýilnamalar esasynda guramaçylykly geçirildi.

Ýanwar aýynda ylmy-barlaglaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen işler dowam etdirildi. Ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň hem-de kliniki ordinatura kabul ediljekleriň sany tassyklanyldy. Bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp baryldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen X türkmen-german forumynda saglygy goraýşyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Ylmy-kliniki merkezlerde gurluşyk hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ugurdaş ministrlikleri bilen sanly ulgam arkaly maslahatlaryň 10-sy geçirildi. Hünärlerini kämilleşdirmekleri we özara tejribe alyşmaklary üçin alymlardyr hünärmenler daşary ýurtlara iş saparlaryna ugradyldy.

Şeýle hem bedenterbiýäni, sporty we Olimpiýa hereketini ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işler alnyp baryldy. Şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirilip, guramanyň Tertipnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şeýle-de “Arkadagly ýaşlar” atly täze elektron žurnal neşir edilip başlandy.

Soňra wise-premýer 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bu meýilnama ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleri esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarda gazanan uly üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini, jemgyýetimiziň abadançylygyny, ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny has-da şöhratlandyrmak, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalaryň, iri taslamalaryň taryhy ähmiýetini giňden wagyz etmek maksady bilen işlenilip taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işini talabalaýyk guramagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, bilim edaralarynda ýaşlara döwrebap bilim bermek işine aýratyn üns bermek zerurdyr. Şeýle hem welaýatlarda onkologiýa we beýleki saglygy goraýyş maksatly merkezleri, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumyny gurmak işlerini çaltlandyrmagyň möhümdigi nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, wise-premýere resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilişine we meýilleşdirilen çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ministrligiň şu ýylyň ýanwar aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, hasabat döwründe ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn işler geçirildi.

Netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki saparlara hem-de gepleşiklere aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrandygy bellenildi. Şeýle-de ýurdumyza Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň sapary boldy. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi.

Şu ýylda meýilleşdirilen halkara çärelere taýýarlyk görmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýanwar aýynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky parlament wekiliýetiniň Aşgabada sapary boldy.

Hasabat döwründe dürli derejedäki duşuşyklaryň birnäçesi, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklar geçirildi. Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, bilelikdäki hökümetara toparlaryň mejlislerini hem-de işewürlik maslahatlaryny guramak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Hasabat döwründe toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 119,7 göterime deň boldy. Şu ýylyň birinji aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 100,3 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 106,4 göterime barabar boldy.

Ýanwar aýynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 108,6 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 129,4 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 111,1 göterime deň boldy. “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 106,1 göterim berjaý edildi. “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça degişli işler geçirildi.

Hasabatyň dowamynda sanly hyzmatlary ýerine ýetirmek, ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy boýunça ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýyl ýolagçy we ýük dolanyşygyny depginli artdyrmak, üstaşyr we halkara ýük daşamalaryň möçberini has-da ýokarlandyrmak, pudaga sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda döwrebap gämileriň hem-de läbik sorujylaryň gurulmagyny ýola goýmagyň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýanwar aýynyň deslapky netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterime deň bolandygyny, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durnukly ösüşiň gazanylandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde senagat pudaklarynda önümçiligiň möçberini artdyrmak, kuwwatlyklary netijeli ulanmak, söwda we hyzmatlar ulgamynda işleriň gerimini giňeltmek boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmek möhümdir. Eksport edilýän harytlaryň mukdaryny köpeltmek bilen, daşary söwda dolanyşygyny hem oňyn derejede üpjün etmek wajypdyr.

Döwlet býujetiniň girdejilerini we çykdajylaryny meýilleşdirilen möçberlerde amal etmek boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek zerurdyr. Geçen aýda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2 milliard manatdan gowrak boldy. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 9,1 göterim artykdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Ýylyň başyndan düýpli maýa goýumlary özleşdirmegiň möçberiniň ýokary bolmagy täze senagat desgalaryny işe girizmäge, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga şert döretdi. Bu bolsa ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, sebitlerde goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Pudak ýolbaşçylary tarapyndan işleriň belli bir derejede alnyp barylýandygyna garamazdan, heniz pudaklar we sebitler boýunça ýerine ýetirilmeli işler, amala aşyrylmaly çäreler we öňümizde durýan wezipeler köp. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow indiki hepdede ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we häkimleriň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigine ünsi çekdi. Mejlisde geçen, 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemleniler, kabul edilen maksatnamalaryň we berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi seljeriler, döwlet dolandyryşy bilen bagly birnäçe beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp, şu gün ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine we ençeme beýleki meselelere seredilendigini, pudaklary ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň kabul edilendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy
27.03
Türkmenistanda Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
27.03
Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler
27.03
Gadymy Änew medeniýeti — adamzadyň gymmatly mirasy
top-arrow